

Türkmenistan daşky gurşaw meseleleri boýunça «ÝB-MA» maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde tamamlanan daşky gurşaw we suw serişdeleri meseleleri boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejedäki 7-nji Maslahatyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde tamamlanan daşky gurşaw we suw serişdeleri meseleleri boýunça «ÝB-Merkezi Aziýa» ýokary derejedäki 7-nji Maslahatyna gatnaşdy.


Howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça çäreleriň meýilleşdirilmegi ugrundaky öňdebaryjy tejribe şu gün Türkmenistanda gibrid formatynda başlanan seminaryň baş temasy boldy.


BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Daşoguz welaýatynda Aral deňziniň sebitindäki ýer serişdelerini gorap saklamak we olardan durnukly peýdalanmak boýunça tegelek stol geçirdi – diýlip, guramanyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.


Russiýanyň Tebigat baradaky ministrligi tarapyndan her ýylda deňziň kenarynda öli tapylýan Hazar düwlenleriniň gyşky sanawy geçiriler – diýip, ministrligiň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.


Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň FLEX maksatnamasynyň tutuş Türkmenistandan bolan uçurymlary eko-kampaniýa gatnaşdylar – diýip, Türkmenistandaky Amerikan Geňeşiniň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýändünýädäki iň uly palçykly patlawuklaryň biri –Akpatlawuk çogup başlady – diýip, anna güni «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.


BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça iki sany nahalhana we görkeziliş meýdançasyny döretdi – diýip, guramanyň metbugat üçin maglumatynda habar berilýär.


Ýewropa ýerasty suwlaryň ätiýaçlygynyň kemelmegi sebäpli elhenç gurakçylygyň bäri ýanynda dur. Şu hili netijä Awstriýanyň tehniki uniwersitetiniň geodeziýa institutynyň alymlary geldiler - diýip, Focus uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty we USAID miweli bagçylygy we tokaýçylygy döretmegiň usullary boýunça gollanma taýýarlaýarlar – diýip, USAID tarapyndan ýaýradylan maglumatda habar berilýär.


Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumda çykyş etmek bilen, BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Gutteriş dünýä liderlerini howa bilen bagly kynçylyklary äsgermezçilik etmezlige, ony ýeňip geçmek üçin berk syýasy kararlary kabul etmeklige çagyrdy – diýip, BMG-niň täzelikler gullugy habar berýär.


«Irkutsk oblastynyň ösüş korporasiýasy» taslamasy we CRRC korporasiýasynyň Çunsin wekilhanasy «Çunsin Mamont Brend-Menejment» bilen bilelikde elektrobuslaryň umumy russiýa-hytaý önümçiligini döretmekligi meýilleşdirýärler – diýip, «Izwestiýa» habar berýär.


2023-nji ýylda Türkmenistanyň «Ekologik audit hakynda» kanunyna täze kanunçylyk namasy giriziler, ol Türkmenistandaky ekologik auditorlary bahalandyrmagyň we sertifikatlaşdyrmagyň tapgyrlaýyn tertibini kesgitlär.


2022-nji ýylda awtomobilleriň bütin dünýä boýunça satylyşy Hytaýda we Ýewropada olara bolan islegiň artmagy sebäpli ep-esli ýokarlandy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, doly elektrikleşdirilen ulaglaryň satuwy 69% artdy we 7,8 mln-a deň boldy – diýip, Interfax halkara seljerme beriji kompaniýalaryň maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.


Ýer planetasynyň ozon gatlagy bellenilen meýilnama görä barýar – BMG-niň goldamagynda Ýeriň ozon gatlagyny goramak baradaky Bütindünýä ylalaşygyň ozony ýok edýän jisimler boýunça Monreal Teswirnamasynyň ylmy bahalandyrmasy boýunça işleýän bilermenler topary şeýle netijä geldiler – diýip, unep.org. habar berýär.


11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.