HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada sürüjilere awtoulagdan zir-zibili zyňandyklary üçin rubl bilen temmi berler

Ýanwar 10, 2023 | 03:33 |9368
11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.
Çeşme:

11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.

Resminamanyň “Önümçiligiň we ulanylmadan soň emele gelen galyndylary bilen iş salyşylanda, daşky gurşawy goramak babatda talaplaryň berjaý edilmezligi” diýen atly 8.2 maddasy galyndylaryň ýörite bellenen ýerlerden başga ýerde goýlandygy üçin bäş müň rubla çenli möçberde jerime görnüşde temmi berilmegini göz öňünde tutýar.

Eger zir-zibil awtoulagdan taşlanan bolsa, jerimäniň mukdary düzgün bozujynyň hukuk derejesine baglylykda, 30 müňden 100 müň rubla çenli aralykda üýtgeýär. Zir-zibil ýük awtoulagyndan taşlanan bolsa, jerime 75 müňden 200 müň rubla çenli barabar bolar.

Düzgüniň bozlandygyny awtomatik kameralaryň kömegi bilen bellige almaga ygtyýar berilýär, jerime baradaky karary bolsa polisiýa we Döwlet tokaý gözegçiliginiň işgäleri çykaryp biler. Jerime resminamalary awtoulag eýesine düzgün bozujynyň ulagynyň döwlet belgisi anyklanandan soň poçta arkaly geler. Ýagny ýol hereketiniň düzgünlerini bozujylaryň garşysyna göreşmekde DAI-niň ulanýan usullary peýdalanylar diýip, gazet belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026