HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hançžouda Aziýa oýunlary 2022-ni galyndysyz geçirmek boýunça meýilnama hödürlendi

Fewral 28, 2023 | 15:53 |9897
Hançžouda geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlary 2022-nji gurnaýjylar köp sportly çäräni hiç hili galyndysyz geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny hödürlediler.Hançžouda geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlary 2022-nji gurnaýjylar köp sportly çäräni hiç hili galyndysyz geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny hödürlediler.
Çeşme: rctiplus.com

Hançžouda geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlary 2022-nji gurnaýjylar köp sportly çäräni hiç hili galyndysyz geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyny hödürlediler.

Meýilnamada Oýunlarda zyňyndylaryň mukdaryny azaltmaga gönükdirilen birnäçe çäreler beýän edilýär. Hususan-da, bu ekologik ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy, kagyzsyz we gaýtadan dikeldilýän materiallaryň ulanylmagy, şeýle hem energiýany tygşytlamagyň we zyňyndylary kemeltmegiň gazanylmagydyr.

Meýilnama tarapyndan göz öňünde tutulan beýleki çäreleriň arasynda howply zyňyndylar bilen hapalanmak töwekgelçiligini dolandyrmak we olaryň öňüni almak üçin utgaşdyryjy mehanizmiň döredilmegi bar.

Hançžou-2022 gurnaýjylaryna çäräniň dowamynda ikinji derejeli çig maly klassifikasiýa etmegiň ulgamyny işläp düzmek we «Galyndysyz Aziýa oýunlary» konsepsiýasyny meşhur etmek tabşyryldy.

«Bu meýilnamanyň ýerine ýetirlmegi bilen baglanyşykly Çžesýan welaýaty uly göwrümdäki çäre üçin «nol galyndylaryň» ilkinji standart ulgamyny döreder. Geljekde bu gymmat bahaly tejribe galyndysyz şäherleriň gurluşygynda we beýleki çäreleriň geçirilişinde ulanylar» - diýlip, Hançžou 2022 oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň beýanatynda aýdylýar.

Çžesýan welaýaty Hançžou şäherini «galyndysyz şäher» etmäge ymtylýandygyny belläp geçmelidiris.

XIX tomusky Aziýa oýunlary Hançžouda 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 8-nji oktýabry aralygynda geçiriler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026