

Türkmen konserwatoriýasynda konsert bilen halkara saz güni belleniler
Halkara saz günine bagyşlanan klassiki konsert 29-njy sentýabrda Aşgabatda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçiriler. Adaty agşamyň guramaçysy hökmünde, TMK-nyň kamera ansamblynyň bölümi çykyş edýär. Her ýyl 1-nji oktýabrda bütin dünýäde bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurduň iň ýokary saz bilim edarasynyň sazandalary ajaýyp we ýatdan çykmajak çykyşlary hödürleýärler.





















