

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Wenanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Aşgabatda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Wena şäher geňeşi we Wena welaýat mejlisiniň agzasy, Wena şäher häkimliginiň wekili Omar Al-Rawiniň ýolbaşçylygyndaky Wena şäher häkimliginiň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu topara, şeýle hem, gepleşiklere gatnaşan Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger hem girýär diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.





















