

ÝUNEP-iň direktory Türkmenistanyň ekologiki taslamalary bilen tanyşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ekosistemany dolandyrmak boýunça Halkara hyzmatdaşlygynyň direktory Linçýu Jang daşky gurşawy ösdürmek we ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky metbugat gullugynyň habar berýär.





















