HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýly tälimçiler türkmen türgenlerini taýýarlar

Oktýabr 20, 2023 | 09:25 |4394
Sport ulgamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ozal baglaşylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini eýeledi. Bellenişi ýaly, türkmen tarapynyň haýyşy bilen ýakyn wagtda Hytaý türkmen türgenlerine tälim bermek üçin öz tälimçilerini iberer.Sport ulgamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ozal baglaşylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini eýeledi. Bellenişi ýaly, türkmen tarapynyň haýyşy bilen ýakyn wagtda Hytaý türkmen türgenlerine tälim bermek üçin öz tälimçilerini iberer.
Çeşme: sambo.sport

Hytaý Halk Respublikasynyň Sport meseleleri boýunça býurosynyň Baş direktory Gao Çžidan Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Bu gepleşikler Hytaýda geçen “Bir guşak, bir ýol” 3-nji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Sport ulgamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ozal baglaşylan şertnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy özenini eýeledi. Bellenişi ýaly, türkmen tarapynyň haýyşy bilen ýakyn wagtda Hytaý türkmen türgenlerine tälim bermek üçin öz tälimçilerini iberer.

Duşuşygyň dowamynda Gao Çžidan türkmen türgenleriniň ýakynda Hytaýda geçirilen Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edendigini belledi. Oňa türkmen türgenleriniň 88-si gatnaşypdy. Hytaý tarapynyň nygtaýşy ýaly, türkmen türgenleri dzýudo we sportuň söweş görnüşleri boýunça oňat görkezijileri görkezdiler.

Taraplar şeýle hem, sport hereketini ýaýbaňlandyrmakda we iki ýurduň arasynda sport dialogyna goldaw bermekde özara taýýarlyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026