

Russiýa yslam ýurtlaryna iberilýän halal önümleriň möçberlerini artdyrýar
2023-nji ýylda Russiýa halallyk hakynda hususy döwlet standartlaryny girizen dünýädäki ilkinji yslam däl ýurtlaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynda Russiýanyň halallyk güwänamalary eýýäm Pars aýlagynyň ýurtlarynda ykrar edildi. Munuň özi Russiýa Federasiýasyndan BAE, Saud Arabystanyna, Bahreýne, Kuweýte, Omana, Katara we Ýemene, soňlugy bilen bolsa Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň beýleki ýurtlaryna önümleriň iberilmegini aňsatlaşdyrar.





















