

Lebapdaky lukmançylyk barlaghanalar täze enjamlar bilen üpjün edildi
Lebap welaýatynda ýerleşýän 27 sany lukmançylyk barlaghanasy häzirki zaman enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy.


Lebap welaýatynda ýerleşýän 27 sany lukmançylyk barlaghanasy häzirki zaman enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy.


Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.


Kanadanyň Türkmenistandaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky we Täjigistandaky diplomatik wekilhanasy “CFLI” maksatnamasynyň çäklerinde uly bolmadyk ýokary netijeli taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär.


Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýewiň, beýleki diplomatlaryň, Kiýewiň Sýatoşinsk etrabynyň ýolbaşçylarynyň, bu ýurtda ýaşaýan we bilim alýan türkmenleriň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni-şahyrana çäre geçirildi.


Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji martda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn mejlis geçirildi.


Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Sişenbe güni ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow kabul etdi.


Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda 5-nji martda geçirilen duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, ekologiýa howpsuzlygy hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy.


Türk Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisi 11-13-nji mart aralygynda Aşgabatda geçiriler. Gatnaşyjylar Geňeşiň we TDG-niň işi bilen baglanyşykly häzirki meselelere serederler, mundan beýläkki bilelikdäki işleri we guramanyň agza ýurtlarynyň hereketlerini utgaşdyrmak üçin esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar.


2023-nji ýylda Azerbaýjan Türkmenistandan 1,51 milliard kub metr tebigy gaz import etdi. Bu 2022-nji ýyldakydan (857 million kub metr) 77% ýokarydyr.


3-nji martda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.


Söwda-senagat edarasynda geçirilen söwdada geleşikleriň jemi 71-si baglaşylyp, 107 milliondan gowrak dollarlyk we 33 milliondan gowrak manatlyk harytlar ýerlenildi.


Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň bir böleginiň gurluşygyna taýýarlyk görülýär.