

Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklandy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň görnükli wekili Sarahs Babaýewe hem-de artist Annajemal Nurmuhammedowa “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy.


Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň esasynda, 2025-nji ýyl Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Degişli karar 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edildi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşuryldy.


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor Gülşat Ýusupowanyň hem-de Türkmenistandaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed al Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.


24-nji sentýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit himiýasy we ýeňil senagat pudaklarynyň önümleri satyldy.


Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan joşgunly medeni çäre geçirildi. Bu dabara medeni ulgamyň wekillerini, ýagny Merkezi Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň moda we sungat işgärlerini, şeýle hem bu ugurdaky dürli guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre Medeniýet alyş-çalyş hepdeliginiň bir bölegi boldy we häzirki zaman sungat we moda görnüşleri arkaly türkmen däp-dessurlaryny goramagyň möhümdigini görkezdi.


Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy ýurduň 2027 – 2029-njy ýyllarda Goşulmazlyk hereketine ýolbaşçylyk etmek niýetini mälim etdi.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy, Tokioda geçirilen Türki döwletleriniň Medeniýet festiwalynyň çäginde türkmen halkynyň amaly-bezeg we şaý-sepleriniň sungat eserleriniň sergisini gurnady.


24-nji sentýabrda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan gurnalan “Türkmenistanyň garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilmegine we Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlandy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, şu ýyl ýurtda edilen işleriň netijelerini jemledi we geljek döwür üçin wezipeleri beýan etdi.


2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Berlinde “InnoTrans 2024” atly giň göwrümli halkara ulag sergisi açyldy. Demir ýol puganyň senenamasyndaky möhüm waka hasaplanýan “InnoTrans” sergisine “Demirýollary” AGPJ-niň wekilleri hem gatnaşýarlar.


Şu gün paýtagtymyzyň “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy baýramçylygynyň öňisyrasynda, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýaş hünärmenleriniň arasynda maglumat tehlogiýasynda öz ukyplaryny görkezmek boýunça bäsleşik geçirdi. Bu barada aragatnaşyk ulgamyň web sahypasynda habar berilýär.


Bişkekde III Merkezi Aziýa halkara ýol ylmy-amaly maslahaty (CARC-2024) öz işine başlady.