Rus akademigi Iwan Kuzmine «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen at dakyldy


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Kuzmin iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakyldy we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşuryldy.
Oba hojalyk ylymlarynyň doktory, akademik I.Kuzmine iň ýokary döwlet sylagy Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 24-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gowşuryldy.
“Kuzmin ýokary sylag üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda depginli ösýän Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny belledi, şeýle-de ýurduň Hökümeti tarapyndan giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda döredilýän ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Golaýda Aşgabatda geçirilen iri forumlaryň — GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisiniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir” – diýip TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Şeýle hem şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy duşuşdy.
Oba hojalykçy akademige Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin minnetdarlyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedow I.Kuzmini bu ugurda ýerine ýetirýän giň möçberli işleri we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Iwan Kuzmin Türkmenistanyň iň ýokary sylagyna mynasyp bolmagyň özi üçin belent mertebedigini aýdyp, umumymilli forumyň çäklerinde duýdansyz bolup geçen tolgundyryjy wakanyň öz alyp barýan işine bildirilen hormatyň aýratyn nyşanyna öwrülendigini belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Oba hojalyk ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan döredilen hem-de “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan bugdaýyň täze görnüşlerine ýokary baha berildi.
ORIENT news







