HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylda ýurduň ykdysady ösüşiniň netijelerini jemledi

Sentýabr 24, 2024 | 21:31 |62050
Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, şu ýyl ýurtda edilen işleriň netijelerini jemledi we geljek döwür üçin wezipeleri beýan etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, şu ýyl ýurtda edilen işleriň netijelerini jemledi we geljek döwür üçin wezipeleri beýan etdi.
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, şu ýyl ýurtda edilen işleriň netijelerini jemledi we geljek döwür üçin wezipeleri beýan etdi.

Döwlet baştutany milli ykdysadyýetiň ösüşiň görkezijeri barada belläp geçdi, ýagny şu ýylyň başyndan bäri ösüşiň 6,3 göterim derejede saklanmagy jemi içerki önümiň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.

Prezident döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalarynyň ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny güýçlendirmekdäki oňyn täsirini ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreleri belläp geçdi. Munuň bilen birlikde dünýä jemgyýetçiligi bilen halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze işewür gatnaşyklar gurmak we ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek nukdaýnazaryndan ýakynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ähmiýeti barada aýdyldy diýip, TDH habar berýär.

“Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” esasynda ýurdy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler. Bu bolsa täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga şert döredýär diýip, Döwlet Baştutany aýtdy.

Şu ýyl ýurduň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 67,8 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 32,2 göterimi goýberildi. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşini gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileri artdyryldy.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi diýip, belledi. Täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan bolsa býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrarys diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026