

Türkmenistanda salgyt kanunçylygy kämilleşdiriler
Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,8 milliard manada deň boldy.


Türkmenistan milli ykdysadyýeti we ýokary tehnologiýalar ulgamy üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde işgärleri taýýarlamagyň gerimini yzygiderli giňeltmäge taýýardyr. Bu barada türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow KazanSummit 2022-de çykyş edeninde aýtdy.


Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow KazanSummit 2022 XIII Halkara ykdysady sammitde çykyş edip, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryna uly üns berdi.


Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan 4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


ORIENT habarlar saýtynyň örän giň ýaýrawly muşdaklarynyň sany indi has-da artdy: 19-njy maýdan başlap, biz köpsanly okyjylarymyzyň isleg bildirip ýüz tutan haýyşlaryny göz öňünde tutup, rus we iňlis dillerindäki habarlar bilen bir hatarda, türkmen dilinde hem habarlary ýerleşdirip başladyk.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglamak baradaky Permana golçekdi.Bu baradaky resminama Russiýa Federasiýasynyň hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalynda çap edildi.


2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan Aşgabatdan we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden ýolagçy otlylarynyň hereket etmeginiň tertibi belli boldy.


Çarşenbe güni Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Aşgabatda geçirilen resmi dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.


Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygnyy goraýyş ylmy we kliniki merkezine Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermegiň haýyr-sahawat gaznasyndan çagalary bejermäge $400 müň bölünip berler.


Germaniýanyň «Tejribeli hünärmenler gullugy» bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin dürli hünär ugurly türkmen lukmanlarynyň 150-sini GFR-niň öňdebaryjy klinikalaryna iş saparyna ugratmak göz öňünde tutuldy.


Eýranyň suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny sowmak baradaky meseleler boýunça energetika ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Energetika ministrliginiň wekiliýeti suw we elektrik energiýasy babatda hem-de ony ösdürmegiň ýollary boýunça eýran-türkmen hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.


Ýaş pianinoçy Aýnur Otuzowa Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlanan ”Nusgawydan häzirkizamana çenli”atly Halkara instrumental ýerineýetirijilik festiwal-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.


Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (MDKG) täzelenen görnüşi tassyklandy.


2022-nji 18-nji maýynda 2022-nji ýylyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» yglan edilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli mizeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.