2025-nji ýyldan başlap adamlar şarlarda kosmosa uçup bilerler


“News Beezer” habar gullugynyň neşirine görä, Ispaniýanyň “Halo Space” kompaniýasy çişirilen şara birikdirilen tegelek kapsulada ekologiýa zyýan ýetirmeýän kosmos uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlanýar. Ilkinji synag uçuşy dekabr aýynda Hindistanyň Haýdarabat şäherindäki Tata atly düýpli ylmy-derňew institutynda amala aşyrylar.
Her uçuş wagtynda kapsula 40 kilometre çenli beýiklige çykýan sekiz ýolagçyny we bir uçarmany alyp barar. Şeýle hem kapsulanyň Ýeriň 360 dereje görnüşini açýan panoramaly penjireleriniň boljakdygy mälim edildi.

Synaglar üstünlikli tamamlanandan soň, kompaniýa 2025-nji ýylda täjirçilik uçuşlaryny ýola goýmagy we dört yklymda uçuş nokatlaryny gurmagy meýilleşdirýär.
2029-njy ýyldan başlap, her ýylda jemi 3 müň ýolagçy bilen 400 uçuş amala aşyrylar we petek bahalarynyň 100 müňden 200 müň ýewro çenli aralygynda boljakdygy mälim edildi.
“Halo Space” kompaniýasy, basyşly şar kapsulalarynyň kömürturşy gazyny goýbermezden ýokarlanýandygyny we bu bolsa kosmosa syýahat etmegiň ekologiki taýdan iň amatly usuly boljakdygyny aýdýar.
ORIENT news
Surat: spaceperspective.com








