Ady rowaýata öwrülen ussat futbolçy Pelä bagyşlanan saglyk arzuwlary Kataryň iň beýik minarasynda peýda boldy


"Pele, tizara gutul!" - şular ýaly ýazgy şenbe güni Katarda Dünýä çempionatynyň oýunlary geçirilýän Halifa stadionynyň gapdalynda ýerleşen Aspire diňinde peýda boldy. Bu ýerde 3-nji dekabrda ABŞ bilen Niderlandlaryň ýygyndy toparlarynyň arasynda dünýä çempionatynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýny geçirilýär – diýip, TASS habar berýär.
Dünýäniň futbol boýunça üç gezek çempiony braziliýaly Pelä bagyşlanan saglyk arzuwlary Doha şäherindäki 300 metrlik binanyň ýüzünde orun alypdyr. Anna güni meşhur futbolçy keselhana ýerleşendigini we onuň meýilleşdirilen çäre bolup durýandygyny aýtdy. Bir ýyl ozal 82 ýaşly tanymal futbolçy ýogyn içegesindäki howply döremäni aýyrmak üçin operasiýa edilipdi we himiýa bejergisini alypdy. Indi ol agyryny we dem gysmany aýyrmak üçin palliatiw bejergi alýar.
Pele 20-nji asyryň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi we ol henizem dünýäniň üç gezek çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr. Pele futbola bagş eden döwrüniň dowamynda 1279 pökgini geçirmegi başardy.
ORIENT news








