

Türki ýurtlaryň onunjy sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler
Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) ýubileý sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler diýip, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat-gullugy habar berýär.


Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) ýubileý sammiti 2023-nji ýylda Gazagystanda geçiriler diýip, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň metbugat-gullugy habar berýär.


1-nji fewraldan Türkmenistanyň raýatlary üçin "Türkmenistan" awiakompaniýasy aşakdaky halkara ugurlarda bilet bahalaryny 30% arzanladýar: Aşgabat - Dubaý, Aşgabat - Kazan, Aşgabat - Moskwa we Aşgabat - Stambul.


Türkmenistan ilatyň we ýaşaýyş gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda çap etmek boýunça bilermenleriň tekliplerini öwrenmäge taýýardyr.


Innopolis uniwersitetinde işlenip düzülen urganly gurluşykçy-robot Türkmenistanda we Ýewraziýanyň patent konwensiýasynyň ýene-de 7 ýurdunda patent aldy – diýip, TASS habar berýär.


2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.


Kanadanyň Monreal uniwersitetiniň astronomlary Kepler-138 gyzyl karligiň töwereginde “suw dünýäleri” bolan iki sany planetanyň aýlanýandygyny subut etdiler. Alymlaryň makalasy “Nature Astronomy” žurnalynda çap edildi.


Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Seýit Jemaleddin” gadymy toplumynyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň käbirlerini dikeltmek boýunça işler tamamlanyp barýar – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine ýörite ylmy-dikeldiş işleriniň ussahanasynda habar berdiler.


Aşgabatda işe täze kabul edilen durmuş ulgamynyň işgärleri we Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri üçin durmuş işleriniň esaslary boýunça okuw sessiýalarynyň birnäçe tapgyry başlandy.


Ilkinji Merkezi Aziýa mediaforumy Astanada 20-21-nji dekabrda geçirilýär – diýip, Kazinform gullugy habar berýär. Çäräniň maksady – Merkezi Aziýada ýeke-täk media giňişligini döretmäge goldaw bermekdir.


Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Aşgabatda türkmen startaplarynyň (täze işe başlaýan telekeçileriň) wekilleriniň gatnaşmagynda, şeýle hem mümkin bolan maýa goýumçylar üçin çäreler toplumynyň çäklerinde wençur maýa goýumyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.


Ýokary hilli Täze ýyl girlýandasy diňe bir köp reňkli çyralaryň ýalpyldawuklygy däl-de, eýsem aýratyn rahatlygyň we öýüň ýyly baýramçylygynyň howasydyr. Ony her bir böleklerine uly ünsli taýýarlanan Bossan concept-iň girlýandalary bilen döretmek aňsat bolar.


Russiýanyň Federal hökümeti Dagystan Respublikasynyň hökümeti bilen bilelikde ýörite ykdysady zolagy ösdürmek boýunça konsepsiýany işläp düzmäge we “Hazar kenarýaka klasterini” döretmäge girişdi.


“Galkynyş” atly ägirt uly gaz ýatagyndaky eýýäm ulanyşa girizilen 60-njy guýynyň 4580 metr çuňlugyndan tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.


30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-saud diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalgynyň DIM-niň emir Saud Al-Feýsal adyndaky diplomatik barlaglar institutynyň professor mugallymlar düzüminiň wekilleri – Ali Mohammed Al-Karni,