HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tahyr Ataýewiň orkestri Täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserte çagyrýar

Dekabr 20, 2022 | 15:02 |8118
30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.
Çeşme:

30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň “Ёлки.FM” atly täze ýylyň öňüsyrasyndaky konserti bolar.

Agşamyň myhmanlaryna sowet kinofilmlerinden meşhur sazlar, dürli döwürleriň kompozitorlary tarapyndan baýramçylyk üçin ýazylan roždestwo eserleri garaşýar.

Jorj Maýklyň we ABBA toparynyň repertuaryndan täze ýyl kompozisiýalary hem konsertiň maksatnamasyna goşuldy, olaryň hatarynda Last Christmas, Happy New Year we ş.m. bar. Bu aýdym-sazlar diňleýjileri baýramçylygyň öň ýanynda juda islenilýän täze ýylyň ertekä meňzeş, enaýy gudraty bilen gurşap alar. Sahnada şeýle hem saz söýüjileriň ruhuňy göteriji gural diýip atlandyrýan saksafonda ýerine ýetirilýän mukamlar ýaňlanar.

Baýramçylyk aýdym-saz çäresini guraýjylaryň habar bermeklerine görä, geçen ýyl täze ýylyň öňüsyrasyndaky konsertde anşlag bolupdy. Bu ýyl hem sungat ussatlary haýsy eserleri ýerine ýetirenlerinde, öz muşdaklaryny begendirip biljekdiklerini bilýärler. Konsert sagat 18:00-da başlanýar.

Biletleri sargyt etmek üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: +993 (62) 53-28-71; 55-90-15.

ORIENT habarlar
Surat: ok.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026