ÝTÖB Aşgabatda startaperler we mümkin bolan maýa goýumçylar üçin tegelek stol geçirdi


Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Birleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Aşgabatda türkmen startaplarynyň (täze işe başlaýan telekeçileriň) wekilleriniň gatnaşmagynda, şeýle hem mümkin bolan maýa goýumçylar üçin çäreler toplumynyň çäklerinde wençur maýa goýumyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi.
Duşuşyk işe girişýän telekeçilere özlerini tanatmaga, özleriniň işewürlik taslamalary barada gürrüň bermäge, onuň mundan beýläk ösdürilmegi üçin öňdebaryjy pikirleri paýlaşmaga mümkinçilik berdi.

Öz gezeginde, maýa goýumçylar özleriniň maýa goýmak we bilermenlik mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler, ol bolsa täze işe başlaýan telekeçilere ösmäge we öz mümkinçiligini durmuşa geçirmäge kömek eder. Olar mundan beýläk-de aragatnaşyk saklamaga we jemgyýetde ynamlylyk gatnaşyklaryny gurmaga taýýardyklaryny bellediler.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde geçirýän çäreleriniň ahyrky maksady – täze startaplaryň döremegine we ösmegine ýardam etjek Türkmenistanda maýa goýumçylarynyň bileleşigini döretmekdir. Munuň üçin ÝTÖB startaperler we maýa goýumçylar üçin dürli maglumat beriş duşuşyklaryny we seminarlary geçirýär.
Mowzuk boýunça okaň:
[Türkmen biznesi ÝTÖB-ň goldaw bermeginde wençur maýa goýmaklygyň esaslaryny öwrenýär] (https://orient.tm/ru/post/41337/turkmenskij-biznes-izuchaet-osnovy-venchurnogo-investirovaniya-pri-podderzhke-ebrr)
ORIENT habarlar
Redaksiýanyň suraty








