HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazaryň kenarynda täze syýahatçylyk klasteri peýda bolar

Dekabr 20, 2022 | 15:50 |9553
Russiýanyň Federal hökümeti Dagystan Respublikasynyň hökümeti bilen bilelikde ýörite ykdysady zolagy ösdürmek boýunça konsepsiýany işläp düzmäge we “Hazar kenarýaka klasterini” döretmäge girişdi.Russiýanyň Federal hökümeti Dagystan Respublikasynyň hökümeti bilen bilelikde ýörite ykdysady zolagy ösdürmek boýunça konsepsiýany işläp düzmäge we “Hazar kenarýaka klasterini” döretmäge girişdi.
Çeşme:

Russiýanyň Federal hökümeti Dagystan Respublikasynyň hökümeti bilen bilelikde ýörite ykdysady zolagy ösdürmek boýunça konsepsiýany işläp düzmäge we “Hazar kenarýaka klasterini” döretmäge girişdi.

Bu barada Russiýanyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Sergeý Nazarow Demirgazyk Kawkaza eden iş saparynyň jemleri boýunça mälim etdi – diýip, ykdysady ösüş ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Derbent etrabynyň çägindäki ýörite ykdysady zolagyň syýahatçylyk klasteriniň meýdany 200 gektardan gowrakdyr. 2026-njy ýyla çenli uzynlygy 6 km bolan kenar zolagyny abadanlaşdyrmak, döwrebap syýahatçylyk infrastrukturany döretmek göz öňüne tutulýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Dagystanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde azyndan 50 mlrd rubl möçberde maýa goýumy zerur bolup biler – diýip, Sergeý Nazarow belledi.

Şunlukda, ministrlik Dagystanyň ýörite ykdysady zolagynyň çäklerindäki kenarýaka zolagyny ähli möwsümde işlejek syýahatçylyk-dynç alyş toplum “Hazar kenarýaka klasterini” ösdürmegiň esasy görkezijilerini eýýäm kesgitledi - diýip, ol belläp geçdi.

Şu kararyň çäklerinde syýahatçylyk infrastrukturanyň täze desgalarynyň gurluşygy üçin ýaramly meýdançalary kesgitlemek üçin ýörite iş topary dörediler.

ORIENT habarlar
Surat: golosstepi.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026