

Gurban baýramy: Türkmenistanda dört gün dynç alnar
Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.


Ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň täze rektorlaryny bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary boýunça täze wise-premýeri belledi, Muhammetguly Muhammedowy başga işe geçýändigi sebäpli, bu wezipeden boşatdy.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi durmuş-medeni maksatly desgalaryň 10-usynyň düýpli abatlaýyş işlerini amala aşyrar. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça şu gün bäsleşik yglan edildi.


Penşenbe güni 7-nji iýulda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $10,6 mln bolan suwuklandyrylan tebigy gazy satyn almaga 27 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Merkezi Aziýaýanyň bäş ýurdunyň Liderleriniň konsultatiw duşuşygy 21-nji ýulda Gyrgyzystanda, Çolpon-ata şäherinde, Yssyk-kölüniň kenarynda geçiriler diýip, Täjigistan Sputnik habar berýär.


Aşgabat gazna biržasy (AGB) maýadarlara we emitentlere gymmatly kagyzlaryň ikinji bazarynda paýnamalary satmagyň we satyn almagyň mümkindigini ýatlatdy.


6-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy ep-esli ýokarlandy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Hytaý – Merkezi Aziýa” IX Hyzmatdaşlyk forumy geljek hepdede, 12-13-nji iýulda wideomaslahat görnüşde geçiriler. Forum HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar hem-de özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.


8-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda türkmen kinorežissýory Arslan Eýeberdiýewiň düşüren “Istärin” atly täze çeper filminiň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Şondan biraz soň bolsa, kinofilm türkmen milli telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkeziler.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.


Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasy bilen yzygiderli gatnaşygyny dowam eder hem-de ýurduň ahyrky maksady BSG-niň doly hukukly agzasy bolmakdan ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew aýtdy.


Ilkinji gezek 6% -e çenli nagt pul Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy. Bu hyzmat "Rysgal" paýdarlar täjirçilik bankyndan Maestro bank kartlarynyň eýeleri tarapyndan ulanylyp bilner.


Sişenbe güni, 5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara dokma önümlerini ibermäge umumy bahasy $330 müň bolan geleşikler baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Baş prokuroryň orunbasary, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowy Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.