HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kataryň we BAE-niň energetika ministrleri gazyň ýene-de uzak wagt gerek boljakdygyny aýtdylar

Ýanwar 16, 2023 | 03:53 |5413
Şenbe güni Kataryň we Birleşen Arap Emirliklerniň energetika ministrleri dünýä üçin tebigy gazyň uzak wagtyň dowamynda gerek boljakdygyny, şoňa görä-de, ibermegiň howpsuzlygyny hem-de ählumumy energetika özgertmeleriniň geçýän mahaly, elýeterli bahalary üpjün etmek üçin goşmaça maýa goýumlarynyň zerur boljakdygyny aýtdylar.Şenbe güni Kataryň we Birleşen Arap Emirliklerniň energetika ministrleri dünýä üçin tebigy gazyň uzak wagtyň dowamynda gerek boljakdygyny, şoňa görä-de, ibermegiň howpsuzlygyny hem-de ählumumy energetika özgertmeleriniň geçýän mahaly, elýeterli bahalary üpjün etmek üçin goşmaça maýa goýumlarynyň zerur boljakdygyny aýtdylar.
Çeşme: atlanticcouncil.org

Şenbe güni Kataryň we Birleşen Arap Emirliklerniň energetika ministrleri dünýä üçin tebigy gazyň uzak wagtyň dowamynda gerek boljakdygyny, şoňa görä-de, ibermegiň howpsuzlygyny hem-de ählumumy energetika özgertmeleriniň geçýän mahaly, elýeterli bahalary üpjün etmek üçin goşmaça maýa goýumlarynyň zerur boljakdygyny aýtdylar.

Kataryň döwlet energetika ministri Saad al-Kaabi 14-15-nji ýanwarda Abu-Dabide geçýän Atlantika geňeşiniň Ählumumy energetika sammitinde çykyş edip, Ýewropadaky ýumşak gyşyň bahalaryň peselmegine getirendigini, ýöne, bazara gazyň onçakly köp gelip gowuşmaýandygyny göz öňünde tutanyňda, beýle üýtgemeleriň “biraz wagt” saklanjakdygyny beýan etdi.

Kataryň ministri pikirini paýlaşyp, ahyrky netijede, rus gazynyň Ýewropa dolanyp barjakdygyny aýtdy.

“Ýöne, meniň pikirimçe, rus gazy Ýewropa dolanar. Geljek ýylmy, ýene bäş ýyldanmy – men bilemok. Ýöne, ýagdaýlar aýdyňlaşanda. Bu bolsa bütin gaz ulgamy üçin we Ýewropadaky tutuş energiýa bazary üçin uly ýeňillik bolar diýip, pikir edýärin” diýip, al-Kaabi sözüniň üstüni ýetirdi.

BAE-niň energetika ministri Suheýl al-Mazrui Abu-Dabidäki şol forumda çykyş edip, “gazyň örän uzak wagt gerek boljakdygy” bilen ylalaşdy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanyljakdygyna garamazdan, binýatlyk hökmünde gaza goşmaça maýa goýumlarynyň zerurdygyny aýtdy.

“Bütin dünýä serişdeler barada hem-de gazy elýeterli etmek üçin kompaniýalara ony nädip köp öndürmäge mümkinçilik bermelidigi barada pikir etmel” diýip, Mazrui aýtdy.

Saad al-Kaabiniň pikirine görä, gaz “geçiş döwrüniň ýangyjy bolman, niýetlenen ugrunyň ýangyjydyr, şoňa görä-de, Günbataryň “ýaşyl” energiýa ymtylmasynyň çäklerinde ol ýerdäkileriň käbirleri tarapyndan Afrika ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin örän zerur hem-de dünýäniň uly islege mätäç wagtynda ol ýurtlaryň nebiti we gazy burawlamaly däldigi barada aýdylmagy adalatsyz bolardy.

Mazrui hem köp ýurtlaryň “düşnüksiz” strategiýasynyň uzak möhletleýin gaz şertnamalaryny baglaşmaga päsgelçilik berýändigini, munuň bolsa öz nobatynda, energetika kompaniýalaryna önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga maýa goýmak üçin maliýeleşdirmegi kynlaşdyrýandygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026