Türkmenistanyň ýene birnäçe şäherlerinde aşa pes temperatura bellenildi


Türkmenabatda syn etmeleriň1894-nji ýyldan bäri ýöredilýän taryhy boýunça iň pes temperatura rekordy goýuldy. Anna güni şäherdäki termometrleriň çyzygy -25,4° gradusa düşdi – diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär.
Serhetabatda gije temperatura -27° gradusa çenli düşdi. Şu ýylky gyş bu şäherde 1969-njy we 2008-nji ýyllaryň sowugyny hasaba almanyňda, syn etmeleriň taryhynda ikinji sowuk gyş boldy. Bu ýerde diňe 1905-nji ýylda has sowuk howa -33,8° dereje bolupdy.
Aşgabatda iň pes temperatura anna güni -16,4° dereje boldy. Bu hem şäher üçin iň pes rekord temperaturadyr.
Şeýle hem adaty bolmadyk sowuklaryň zolagyna Mary welaýatynyň uly bolmadyk ýerleri, Lebap welaýatynyň günorta we merkezi etraplarynyň bir bölegi we Ahalyň günorta-gündogary girýär.
ORIENT habarlar








