HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hyundai Motor Group-yň ýolbaşçysy dünýäniň awtoulag senagatynda 2023-nji ýylyň adamy diýlip ykrar edildi

Ýanwar 16, 2023 | 05:22 |7856
MotorTrend amerikan žurnaly tarapyndan Hyundai Motor Group-yň ýerine ýetiriji direktory Çong Ison ýylyň adamy diýlip atlandyryldy. Bu barada Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi öz saýtynda yglan etdi.MotorTrend amerikan žurnaly tarapyndan Hyundai Motor Group-yň ýerine ýetiriji direktory Çong Ison ýylyň adamy diýlip atlandyryldy. Bu barada Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi öz saýtynda yglan etdi.
Çeşme: hyundaimotorgroup.com

MotorTrend amerikan žurnaly tarapyndan Hyundai Motor Group-yň ýerine ýetiriji direktory Çong Ison ýylyň adamy diýlip atlandyryldy. Bu barada Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi öz saýtynda yglan etdi.

Çang ABŞ-nyň žurnaly tarapyndan düzülen dünýäniň awtoulag senagatynyň örän täsir edip bilýän abraýly adamlarynyň 50-siniň sanawynyň başynda boldy. Geçen ýylky sanawda ol bäşinji orny eýeledi.

MotorTrend öz ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylýan awtoulaglaryň “özüne çekiji dizaýny, hili, oýlanyşykly enjamlaşdyrylyşy we oňat nyrhy” bilen tapawutlanýandygyny hem-de koreý önümçiliginiň awtoulaglarynyň ajaýyp ulanylyş häsiýetlerini subut edýändiklerini, şeýle häsiýetleriň öňüne geçmegiň kyndygyny nygtady.

1.jpg

Ozal žurnalyň awtoulag tankytçylar topary “günorta koreý Maybach-y” diýip hem atlandyrylan Genesis G90-y 2023-nji ýylyň ulagy, Hyundai Ioniq 5-i bolsa ýolsuz ýerlerde sürülýän ulaglar babatda 2023-nji ýylyň awtoulagy diýip atlandyrdy.

Genesis – Hyundai-yň lýuks derejeli awtoulaglary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan bölümi. MotorTrend hem elektromobiller bazary we ykjamlylygyň geljegi babatda Çonguň öňdengörüjiligini belledi, bu bolsa Hyundai Motor Group-a pudagyň lideri bolmagyna kömek edýär.

“Teslanyň elektromobilleri wagyz eden bomagy mümkin, ýöne, Hyundai Motor Group olara has demokratik häsiýet berip, bazary kysymlarynyň, kuzowalarynyň görnüşleriniň we bahalarynyň köp dürliligi bilen doldurdy hem-de olary iň ýokary döwrebap ýa-da haýran galdyryjy ajaýyp derejä eýe etdi” diýip, MotorTrend meňzetmelerini bolluk bilen eçilýär.

2.jpg

Hyundai Motor-yň, Genesis-iň и Kia-nyň 2030-njy ýyla çenli täze elektromobilleriň jemi 31-sini goşmagy maksat edinýär. Bu bolsa awtoulag öndürijisiniň şol döwre çenli her ýylda elektromobilleriň 3,2 milliona golaýyny satma maksadyny ýüze çykarýar, munuň özi dünýä bazarynyň 12%-ni emele getirer.

“ Bu bolsa robotlar we dikligine uçup we gonup bilýän elektrik ulag serişdeleri görnüşinde uçujy apparatlar bilen birlikde, köp sanly çözgütler bilen magtanyp biljek akylly şäherler babatdaky garaýyşlar bilen ýene-de has öňe barýar” diýlip, MotorTrend-iň makalasynda aýdylýar.

3.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026