

Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi ýer titremesinde ejir çekenlere kömek üçin ýorgan kabul edýär
14-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi bu ýurduň günorta-gündogarynda bolan werançylykly ýer titremede ejir çekenlere kömek üçin ýorganlary kabul edýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň sosial torlarynda ýazdy.




















