HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BAE-niň kompaniýalary «Galkynyş» gaz ýatagyny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar

Fewral 13, 2023 | 12:08 |9013
BAE-niň iri nebit-gaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagynyň indiki tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar.BAE-niň iri nebit-gaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagynyň indiki tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

BAE-niň iri nebit-gaz kompaniýalary Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagynyň indiki tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşarlar.

Bu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abu-Däbä eden saparynyň netijeleriniň esasynda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky bilelikdäki beýannamadan gelip çykýar. Resminama şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

ÝET-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni we Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy özara düşünişmek barada ähtnama gol çekdiler. Onuň çäklerinde taraplar Türkmenistandaky mümkin bolan energiýa taslamalarynyň geljegini bilelikde öwrenmegi niýet edinýärler, ahyrky önümi marketing etmek bilen birlikde, uglewodorod serişdelerini gazyp almagy, şeýle hem gaz-ulag infrastrukturasyny ösdürmekligimeýilleşdirýärler.

Şeýle hem ähtnamada Türkmenistanyň we BAE-niň türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmaga aýratyn üns berilýändigi nygtalýar we munuň üçin şol bir wagtda maýa goýumlarynyň üsti bilen bilelikdäki işjeňligi goldaýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-12-nji fewralda BAE-niň prezidenti şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çakylygy boýunça BAE-ne resmi sapar bilen bardy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026