

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, strategik we köpugurly häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini belledi. Gahryman Arkadagymyz, Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylyp, ähli ugurlar boýunça giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belledi.




















