

Ledi Gaga Ak tamda işlär
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden adymçy we aktrisa Ledi Gagany Ak tamyň Medeniýet we sungat boýunça komitetiniň bilelikdäki başlygy edip belledi – diýip, Ak tamyň metbugat gullugy habar berýär.


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden adymçy we aktrisa Ledi Gagany Ak tamyň Medeniýet we sungat boýunça komitetiniň bilelikdäki başlygy edip belledi – diýip, Ak tamyň metbugat gullugy habar berýär.


Hytaýyň daşary işler ministri Sin Gan Owganystandaky içeri syýasat gapma-garşylyklaryny çözmäge ýardam etjek we uzak ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän durnuksyzlykdan soňra ykdysady taýdan aýaga galmaga kömek etjek dört esasy başlangyjy öňe sürdi – diýip, CGTN maglumatlar agentligi habar berýär.


BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilermenleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri üçin dersleri okatmagyň interaktiw ulgamyny STEM (tebigy we inžener ylymlary) ulanmak boýunça seminar geçirdiler – diýip, guramanyň ýurtdaky wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwalaýyn konwensiýasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Dördünji milli habarnamasyna (НС4) we Başlangyç iki ýyllyk hasabatyna taýýarlygyň meseleleri ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň iş duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Geňeşiniň (CCPIT) wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynda habar berdiler.


Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi web-saýtynyň ispan dilindäki wersiýasyna badalga berildi.


Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Banýanyň ussahanasyny döretmegiň meseleleri ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasy (CNPC), Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit ýokary hünär-tehniki uniwersitetiniň wekilleri bilen iş maslahatynda ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Oraza baýramyny 2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde bellemek boýunça Permana gol çekdi. Şuňa laýyklykda Ораза байрамы indiki hepdäniň anna güni belleniler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýetip gelýän tomus möwsümi bilen baglanyşykly guramalarda we kärhanalarda, ilatyň arasynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada düşündiriş işleri geçirmegi tabşyrdy.


Türkmenistanda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan žurnalistler üçin iki günlük okuw tamamlandy.


Iordaniýanyň paýtagty Ammanda şu günler mukaddes Gurhany okamak boýunça XXX Halkara bäsleşik geçirýär. Dünýäniň dürli künjeginden musulmanlaryň gyzyklanmasyna eýe bolýan bu bäsleşik Iordaniýa patyşasynyň howandarlygynda geçirilýär.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa harby-taktiki okuwlara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.


Özbegistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda goňşy Owganystanyň dördünji ministrler mejlisi penşenbe güni Samarkantda geçirildi. Gepleşiklerde Türkmen Daşary işler ministrligine ministriň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi, - diýip Özbegiýanyň resmi metbugaty habar berýär.


Eýran aýal-gyzlaryň bilim meselesinde Owganystana kömek bermäge taýýar. Bu barada Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň we Päkistanyň Samarkantda geçirilen dört taraplaýyn duşuşygynda aýtdy.


Söwda maglumatlaryna görä, dünýädäki nebitiň bahasy iki gün ýokarlanandan soň penşenbe güni peselip ugrady.