HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenabatdaky seminarda serhetüsti suw hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 26, 2023 | 15:03 |7801
Türkmenistan bilen Aral deňziniň sebiti ýurtlarynyň arasynda serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenabatda bolup geçen suw diplomatiýasy boýunça milli seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistan bilen Aral deňziniň sebiti ýurtlarynyň arasynda serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenabatda bolup geçen suw diplomatiýasy boýunça milli seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan berildi

Türkmenistan bilen Aral deňziniň sebiti ýurtlarynyň arasynda serhetüsti suw hyzmatdaşlygynyň meseleleri Türkmenabatda bolup geçen suw diplomatiýasy boýunça milli seminaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan «Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmaty bolan ekoulgamlary köp bähbitler üçin gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» atly Bütindünýä ekologik gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde guraldy. Çäre şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (MFSA) häzirki alyp barýan işleri barada habar bermäge niýetlenendir.

«Suw ýurt üçin esasy we strategiki serişdedir. Suw çeşmeleriniň serhetüsti häsiýetini we Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň gytlygyny göz öňünde tutup, sebitiň ýurtlarynyň arasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işjeňliginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak gerek» - diýip, BMGÖM-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Narine Saakýan aýtdy, täze taslamanyň çäklerinde BMGÖM-nyň sebitde suw serişdelerini durnukly dolandyrmak üçin suw diplomatiýasy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi goldaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleriniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat gatnaşyjylar howanyň üýtgemeginiň sebitiň suw serişdelerine, suw diplomatiýasynyň gender we ýaşlar ugurlaryna seretdiler, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň suw serişdelerini, Lebabyň demirgazyk böleginiň suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň meselelerine garadylar.

Bahasy 4,6 mln ABŞ-nyň dollaryna deň bolan taslamanyň biodürlüligiň esasy ýaşaýan ýerlerini göz öňünde tutup, ýer we suw serişdelerini peýdlanmagy gaýtadan dikeltmek we gowulandyrmak üçin ýerden peýdalanmaga bilelikde toplumlaýyn meýilleşdirmäge başlangyç maýa goýumlaryny goýmak arkaly ýerleriň zaýalanmagyny bitaraplaşdyrmaga goldaw bermäge gönükdirilendigini belläp geçmelidiris.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026