

Türkmen karateçileri Ermenistanda geçen halkara ýaryşda 22 medal gazandylar
Dürli derejelerdäki 22 medaly Türkmenistanyň türgenleri Ýerewanda geçen «Araratyň Kubogy-2023» atly däp bolup gelýän karate boýunça halkara ýaryşynda gazandylar.


Dürli derejelerdäki 22 medaly Türkmenistanyň türgenleri Ýerewanda geçen «Araratyň Kubogy-2023» atly däp bolup gelýän karate boýunça halkara ýaryşynda gazandylar.


Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew Kiýewiň Swýatoşin raýonynyň dolandyryşynyň baştutany Sergeý Pawlowskiý bilen gepleşikleri geçirdi, onuň bilen ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Gazagystanyň Parlamentiniň Aşaky palatasynyň deputatlary GDA döwletleriniň galp haryt nyşanlaryny we geografiki görkezijileri ulanmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ylalaşygyny tassykladylar.


Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.


Ýewropa Birleşiginiň iki maksatnamasynyň — Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrlmagyna ýardam etmek Maksatnamasynyň (BOMKA) we Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak Maksatnamasynyň (CADAP) 30 ýyllygyna bagyşlanyp badalga berlen «Dostlugyň çägi ýokdur» atly çagalaryň surat bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.


Türkmenistan tarapyndan başlangyç berlen BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň 61-nji bendi boýunça «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy» çekişmeleriniň konsepsiýasy Baş assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Argentinadan kärdeşi Eduardo Antonio Zuaýn bilen iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy – diýip, Türkmenistanyň RF-daky diplomatik wekilhanasy habar berýär.


Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» (РЖД) Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler – diýip, TASS habar berýär.


Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkeziniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.


TÜRKSOÝ guramasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türk dünýäsi ýetginjek suratkeşleriň gözi bilen» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.


Tatarystanyň raisi Rustam Minnihanow karara gol çekdi, oňa gol çekmek bilen respublikanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň ulgamyna we gurluşyna üýtgetmeleri girizdi. Degişli resminama hukuk maglumatynyň portalynda çap edilendir.


Merkezi Aziýa futbol birleşmesiniň prezidenti Rustam Emomali Duşenbede CAFA-nyň 8-nji kongresinde eden çykyşynda 2031-nji ýa-da 2035-nji ýylda Aziýanyň Kubogynyň final bölegini geçirmäge bilelikdäki ýüz tutmany tabşyrmaga taýýardygyny bildirdi – diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy Ýol-ulag kodeksiniň işlenip taýýarlanmagyny, pudaga Ähliumumy üstaşyr resminamasy ýaly sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyny, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagy we giňeltmegi göz öňünde tutýar.


Türkmenistan amatly geografiki ýerleşişi sebäpli, sebit we kontinental ähmiýetli ulag we üstaşyr merkez hökmünde bellidir. Bilermenleriň köpüsiniň pikiriçe, häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň ösen bazaryna öwrüler, bu bolsa serhetaşa ýük akymyny döredip biljek ýurtlar üçin örän amatly we bähbitli bolar – diýip, MTS halkara ulag-logistika kompaniýasynyň (Gamburg, GFR) ýolbaşçysy Azgarhil Mangal Aşgabatda geçirilen ITTC – 2023 maslahatynda aýtdy.