

Ilkinji konteýner otlusy «Demirgazyk-Günorta» HUG boýunça Russiýanyň günortasyndan ugrady
«Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýnerli otly Günorta Ural Demirýolunyň Çelýabinsk-Gruzowoý stansiýasyndan ugrady.


«Demirgazyk-Günorta» Halkara ulag geçelgesi boýunça ilkinji konteýnerli otly Günorta Ural Demirýolunyň Çelýabinsk-Gruzowoý stansiýasyndan ugrady.


Türkmen türgenleri 7-nji maýdan 14-nji maýa çenli Dohada (Katarda) geçjek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň şasy Karl III-iň täç geýdiriş dabarasyna gatnaşar.


Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Instagram we Twitter akkauntlaryny açdy. Bu sosial media kanallarynyň maksady BMG-däki türkmen diplomatik wekilhanasynyň işi barada maglumat bermekden we Türkmenistan bilen baglanyşykly täzelikleri, wakalary we beýleki habarlary paýlaşmakdan ybarat.


Azerbaýjanyň medeni paýtagty Şuşa şäheri «Harybülbül» halkara saz festiwalynyň geçiriljek ýeri bolar. Guramaçy bolup, Geýdar Alyýewiň gaznasy we Medeniýet ministrligi çykyş edýär. Baýramçylyk çäreleri 9-njy maýda başlar diýip, Sputnik.Azerbaýjan habar berýär.


“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi pudaklaýyn ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen ITTC-2023 Halkara ulag forumynyň çäginde agentligiň düzümine girýän kärhanalar daşary ýurt kompaniýalary bilen täze ylalaşyklary baglaşdylar.


Eýran Yslam Respublikasynyň täze Baş konsuly Abdolmajid Kamju ýurdumyzyň Mary şäherinde öz wezipesine girişdi. 5-nji maýda, anna güni eýranly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewe öz Konsullyk patentini gowşurdy, ol hem öz gezeginde Kamjuny işe başlamagy bilen gutlady we konsullyk wezipelerini ýerine ýetirmäge rugsat berdi.


Hytaýyň ýeňil elektrik ulaglary JAC E-J7 ýakyn wagtda Arkadag şäherinde hereket edip başlar. Hytaýyň awtoulag öndüriji kompaniýasy JAC Motors, bu modeli 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» sergisinde hödürledi. Ekspozisiýadaky wideoýazgylar «Watan» milli teleýaýlymy tarapyndan görkezilip, ýakyn wagtda bu «ýaşyl» awtoulaglaryň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň şäher köçelerinde peýda boljakdygy aýdylýar.


Ýeňiş güni 78 ýyl bäri her ýyl yzygiderli bellenip geçilýän iň şuglaly, ýyly we biraz gussaly baýramçylyklaryň biridir. “Uruş ýyllarynyň aýdymlary” konsertiniň guramaçylary paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 6-njy maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýygnanmaga we uruş ýyllarynyň aýdymlaryny we sazlaryny diňlemäge çagyrýar.


3-4-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $70 mln amerikan dollaryna deň bolan 22 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Jemgyýetçilik guramalarynyň we BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekilleri ABŞ-da galyndylary dolandyrmak babatynda okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.


Kataryň daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al Muraihi iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek üçin sapar bilen Türkmenistanda bolýar – diýip, Gulf Times habar berýär.


Türkmen türgenleri Hançžouda (Hytaý) geçen kuraş boýunça Aziýanyň çempionatynda sekiz medal – bir kümüş we ýedi bürünç medal gazandylar. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler.


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow iň täze lukmançylyk enjamy bilen tanyşmak üçin Philips kompaniýasynyň innowasion merkezine baryp gördi. Ol ýerde diplomatik wekilhananyň baştutany kompaniýanyň wise-prezidenti Ýan-Will Şeýgrond bilen gepleşikleri geçirdi.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri COVID-19 bilen baglanyşykly bütindünýä adatdan daşary ýagdaýynyň bes edilme mümkinçiliklerine garaýarlar.