

Türkmen ylmy ýurduň ulag infrastrukturasynyň "hyzmatynda"
Häzirki zaman durmuş-ykdysady giňişligini innowasiýa tehnologiýalary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, munuň netijesinde ýurduň durnukly ösüşiniň täze milli modeli emele gelýär. Ýurdumyzda iň uly ylmy, tehniki we intellektual gorlara eýe bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Türkmenistanda täze pikirleri durmuşa geçiriji bolup durýar – diýip, Tehnologiýalar merkeziň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow Aşgabatdaky ITTC - 2023 ulag maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.





















