HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen boksçylary Özbegistandaky dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar

Maý 05, 2023 | 15:39 |11874
Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.
Çeşme: aiba

Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.

Hursand Imankulyýew belorus Dmitriý Deşkewiçden birinji ýarym orta agram derejesinde üstün çykdy.

Imankulyýew eminleriň karary bilen ýeňdi. Indiki tapgyrda türkmen boksçysy Kongo Demokratik Respublikasynyň wekili Fistona Mbaýýa Mulumba garşy çykyş eder.

Baýramdurdy Nurmuhammedow Kongodan gelen boksçy Stiw Kulenguluky birinji orta agram derejesinde ýeňmegi başardy.

Nurmuhammedow bäsdeşini eminleriň aýry karary bilen ýeňdi. Indiki söweşde Türkmenistandan baran boksçy mawrikiýaly türgen Merwen Kler bilen duşuşar.

Şükür Orazow HHR-nyň wekili Çžao Ikunýany 1/16 final tutluşygynda ýeňil agram derejesinde ýeňdi. Türkmen boksçysynyň berbat ediji apperkoty garşydaşy nokauta iberdi.

Indiki söweşde türkmen boksçysy ispaniýaly Hose Kiles bilen söweşer. Özbegistanyň paýtagtyndaky dünýä çempionaty 65 ýurtdan 300 türgeni ýygnady, olar 13 agram derejelerinde medal üçin göreşerler. Dünýä birinjiliginde türkmen tarapyna 14 adamdan ybarat bolan wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik edýär. Ýaryş 14-nji maýda tamamlanar.

Çempionatyň baýrak gaznasy 5 200 000 ABŞ-nyň dollarydyr. Ýeňijiler $200 000-den alarlar, kümüş medalynyň eýeleri - $100 000, bürünç medal gazananlar - $50 000 alarlar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026