HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen işewürler wekiliýeti hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen Rumyniýa sapar bilen bardy

Maý 05, 2023 | 13:39 |9524
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.
Çeşme: romania.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.

Türkmenistanyň wekilleri Avangarde Group maýa goýum kompaniýasy tarapyndan gurnalan forumyň çäklerinde Rumyniýanyň kiçi we orta kärhanalaryna ýardam etmek mümkinçiliklerine seretdiler.

Soňra Buharestde ýerli söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň işewür mümkinçilikleriniň güni» gurnaldy. Bu ýerde türkmen işewürleri rumyn kärdeşlerini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maýa goýum özüne çekijiligi bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen himiýa senagatynyň, dokma we gurluşyk senagatynyň önümleri rumyn kärhanalarynda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra myhmanlar Ploýeşti şäherindäki Prahowo raýonynda Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Rumyn bilermenleri türkmen telekeçilerine rumyn senagatynyň sebitleýin aýratynlyklary, statistika maglumatlary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada habar berdiler.

TSTB-niň agzalary kärdeşlerine Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty barada jikme-jik maglumat berdiler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026