HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III-iň täç geýdiriş dabarasyna gatnaşar

Maý 06, 2023 | 01:50 |10142
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň şasy Karl III-iň täç geýdiriş dabarasyna gatnaşar.Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň şasy Karl III-iň täç geýdiriş dabarasyna gatnaşar.
Çeşme: REUTERS

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň şasy Karl III-iň täç geýdiriş dabarasyna gatnaşar.

Anna güni Türkmenistanyň Baştutany Iňlis tarapynyň çakylygy boýunça Londona sapar etdi.

Uçuşdan öň Aşgabat howa menzilinde Serdar Berdimuhamedow Iňlis ilçisi Lusiýa Uaýld bilen söhbet etdi. Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň ösüşleriniň bardygy aýdyldy. Şeýle hem, iňlis diplomaty, Türkmenistanyň Prezidentiniň Patyşa Karl III-iň täç geýdiriliş dabaralaryna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boljakdygyny we olara täze itergi berjekdigini nygtady.

Londonyň Stansted howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýörite wekili Çarlz Anderson, Angliýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary, Türkmenistanyň sebitdäki we dünýädäki ornuny tassyklaýan möhüm ýokary derejeli daşary syýasat çäresi bolup durýar. Bu sapar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň hemmetaraplaýyn we çuňňur halkara integrasiýasyna, köptaraplaýyn diplomatiýasynyň durmuşa geçirilmegine dowam etmegine gönükdirilendir.

Beýik Britaniýanyň, Demirgazyk Irlandiýanyň we Arkalaşygyň patyşalyklarynyň täze Patyşasyna - Karl III-e täç geýdirmek dabarasy 6-njy maýda Westminster Abbatlygynda bolar. Täç geýdirme dabaralary, belki-de, döwlet baştutanlarynyň, dünýä belli syýasy şahsyýetleriň düzümi boýunça 2023-nji ýylyň iň «wekilçilikli» çäresi bolar.

Karl III aýaly, şazenan-konsort Kamilla bilen bilelikde täç geýer. Ol, Westminster Abbatlygynda täç geçdirilýän 40-njy hökümdar monarh bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026