HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Philips kompaniýasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 05, 2023 | 16:09 |8638
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow iň täze lukmançylyk enjamy bilen tanyşmak üçin Philips kompaniýasynyň innowasion merkezine baryp gördi. Ol ýerde diplomatik wekilhananyň baştutany kompaniýanyň wise-prezidenti Ýan-Will Şeýgrond bilen gepleşikleri geçirdi.Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow iň täze lukmançylyk enjamy bilen tanyşmak üçin Philips kompaniýasynyň innowasion merkezine baryp gördi. Ol ýerde diplomatik wekilhananyň baştutany kompaniýanyň wise-prezidenti Ýan-Will Şeýgrond bilen gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: @turkmen.emb.brussels

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow iň täze lukmançylyk enjamy bilen tanyşmak üçin Philips kompaniýasynyň innowasion merkezine baryp gördi. Ol ýerde diplomatik wekilhananyň baştutany kompaniýanyň wise-prezidenti Ýan-Will Şeýgrond bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmen diplomaty we kompaniýanyň dolandyryş geňeşiniň agzasy hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli gepleşikleri geçirdiler. Bu jähtde Philips enjamynyň Daşoguz welaýatynda işe girizilendigini belläp geçmelidiris – diýip, ýurdumyzyň Brýusseldäki ilçihanasy habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda Sapar Pälwanow kompaniýanyň ýolbaşçylaryny döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylyşyna gatnaşmaga çagyrdy, ol şäheriň saglyk edaralary hem Philips kompaniýasynyň öndürýän enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Ol şeýle hem taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi.

Gezelenjiň barşynda diplomatik wekilhananyň baştutanyna saglygy goraýyş babatyndaky iň täze tehnologiýalar we hassanyň saglyk ýagdaýy barada maglumatlary işlemäge we keseliň kesgitlemesini anyklamak boýunça öz maslahatlaryny bermäge ukyply bolan emeli intellektiň işlenip düzülmegi baradaky maglumat hödürlendi.

Ilçi kompaniýanyň lukmançylyk babatynda Türkmenistanyň ynamly we uzakmöhletleýin hyzmatdaşy hökmünde özüni tanadandygyny sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026