

Birinjiligi eýeläp bilerdi: Türkmen agyr atletikaçysy Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy
Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.


Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.


Ýaponiýanyň “Komatsu” maşyngurluşyk korporasiýasy Merkezi Aziýa sebitinde gurluşyk we magdan enjamlary üçin satuw we hyzmat işlerini güýçlendirmek üçin Gazagystanda öz şahamçasyny döreder. Täze kompaniýa 2023-nji ýylyň awgust aýynda işe başlamaly - diýip, agyr tehnika öndürijisiniň metbugat beýanatynda bellenilýär.


Daşkentde, Gazagystanyň we Özbegistanyň hökümet baştutanlary Alihan Smailowyň we Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygynda merkezi döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda hökümetara toparynyň 20-nji mejlisi geçirildi.


Aziýanyň Ösüş Banky 2030-njy ýyla çenli howany maliýeleşdirmek üçin 100 milliard dollar bermegi meýilleşdirýär. Bu hepde, AÖB Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde howany maliýeleşdirmek boýunça innowasion desgany işe girizdi. Ol howanyň üýtgemegi bilen göreşmäge şeýle wajyp milliardlarça dollar maýa goýumyny çaltlaşdyrmak üçin itergi hökmünde hyzmatdaşlardan kepillikleri ulanar. Täze maksatnama, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaldýan we howanyň durnuklylygyny ýokarlandyrýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin 15 milliard dollara çenli serişde toplamaga gönükdirilendir.


16-17-nji maýda Tomsk şäherinde “Waldaý” Halkara diskussiýa klubynyň III Merkezi Aziýa maslahaty geçiriler. Forumyň mowzugy – "Russiýa we Merkezi Aziýa: üýtgeýän dünýä bilen baglanyşyk". Çekişme Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň nirede kesişýändigine we nirede ähliumumy wakalaryň many-maksady bilen çapraz gelýändigine düşünmeklige bagyşlanýar.


Dabaranyň myhmanlary we arhiepiskop Iňlis monarhy Karl III kellesine täç degen badyna «Allam sen Patyşamyzy gora!» diýip, gygyrdylar. Şenbe güni, 6-njy maýda Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygynyň Patyşasy Karl III resmi taýdan täç geýdi. Patyşalykda top atyş salýutlary ýaňlandy diýip, Mir24 habar berýär.


Anna güni, 5-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 50,5 mln türkmen manadyna deň bolan 42 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkiýedäki prezident we parlament saýlawlary bilen baglylykda, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda şenbe güni ir sagat 9:00-da saýlaw uçastogy açyldy. Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlary ýurduň diplomatik wekilhanasynda ses berip bilerler.


Gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak, düzgün bozmalara garşy göreşmek we gümrük işleriniň awtomatlaşdyrylmagy babatyndaky milli seminar Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek Maksatnamasy (BOMKA 10) tarapyndan USAID-iň MA-da söwda Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.


Belarusyň iri maglumatlar agentligi BelTA Maglumatlar ministrligi bilen bilelikde «Arkalaşygyň Oýunlary» atly täze taslama badalga berýär.


Türkmenistanyň raýatlarynyň 15 müňden gowragy Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Bu barada daşary ýurtlardaky we Arkadaş jemgyýetlerdäki watandaşlaryň işi boýunça müdirligiň baştutany Saýit Ýusuf beýan etdi – diýip, Atavatan Türkmenistan žurnalynyň saýty habar berýär.


Azyk önümleriniň howpsuzlygy meselelerini çözmek, bu ugurda milli standartlary taýýarlmakda maslahat beriş we tehniki goldawyny bermek BSGG-nyň bilermeni Jeronimas Maskelýunasyň Türkmenistana saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Russiýanyň Astrahan şäherindäki konsuly Nury Gölliýew Doganlyk bagynda ýerleşýän «Baky şöhrat oduna» gül goýmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, türkmen konsullygy habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministri Gurbangül Ataýewa bilim ulgamyna bagyşlanan Bütindünýä forumyna gatnaşar. Bu barada ministriň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Lýusiýa Uaýld bilen söhbetdeşliginiň barşynda belli boldy – diýip, britan diplomatik wekilhanasy habar berýär.


Ýakyn Gündogardaky öňdebaryjy uçar topary bolan Saudia Group 2023-nji ýylda hajy amala aşyrýan zyýaratçylar üçin 1,2 mln ýer bölüp bermek meýilnamalarynyň bardygyny mälim etdi.