Samsung
aşgabat
30.09.2022 00:48
1502
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ilkinji gezek “Planetany bilelikde halas ederis” atly gözleglere we öňde duran meselelere bagyşlanan howa bilen baglanyşykly ekofestiwaly gurar diýip, diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
27.09.2022 20:13
4594
Aşgabadyň günorta böleginde Döwlet münberi toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Ýöriş milli telewideniýe arkaly görkezildi.
26.09.2022 22:58
1001
TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow TOPH taslamasynyň dolandyryş komitetiniň ýygnagynyň ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljekdigini habar berdi – diýip, Pajhwok habarlar agentligi habar berýär.
22.09.2022 17:05
1778
Aşgabatda Toyota kysymly täze taksileriň 150-si hereket edip başlady. Ýaponiýanyň öndürijisinden nobatdaky tapgyrda Türkmenistana gelip gowşan ýaşyl “şaşkajykly” ak awtoulaglar şäher ýollaryna çykyp, aýratyn-da adamlaryň ýola has köp çykýan wagtynda hem-de gür ilatly ýerlerde ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmat ediş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltdiler.
22.09.2022 07:07
1350
Çäräniň guramaçylary bolan Aşgabadyň zenanlar toparynyň, paýtagtymyzyň Halkara mekdebiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri biperwaý bolmadyklaryň hemmesini “Pakistany goldalyň. Suw alma” diýen haýyr-sahawat çäresine gatnaşmaga çagyrýarlar.
13.09.2022 00:56
1460
Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Ýelizaweta II-njiniň aradan çykmagy sebäpli 13-nji sentýabrda, hepdäniň sişenbe güni gynanç kitabynyň açylýandygyny habar berdi. Bu barada ilçihananyň internet ulgamlaryndaky sahypalarynda aýdylýar.
08.09.2022 21:18
5959
Aşgabatdaky modalar hepdeliginde görkezilen egin-eşikleriň dizaýnerçilik toplumlarynyň esasy görkezilişi “Mähirli Zenan”-yň lybaslarynyň görkezilmegi bilen jemlenildi.
08.09.2022 07:09
1409
Ýene bir güýz baýramy – “Biz güýçli, biz deňdiris" atly inklýuziw (ösüş aýratynlyklary bar bolan adamlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan) sport festiwaly 17-nji sentýabrda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriler we bu çäre Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
07.09.2022 08:02
1411
Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hueý sişenbe güni Aşgabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.
03.09.2022 06:12
1178
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.