Samsung
jemgyýet
19.09.2022 18:17
1549
Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň dördüsinde – Türkmenabatda, Daşoguzda, Maryda we Balkanabatda täze ýolagçy awtomenzilleri ulanmaga bermäge taýýar edildi. Bu barada şenbe güni hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew habar berdi.
14.09.2022 19:38
14768
Türkmen tarapynyň haýyşy boýunça Türkiýäniň hökümeti Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizdi, bu sebäpli türkmen paýtagtynda täze wiza merkezi işläp başlady – diýip, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda ORIENT-e habar berdiler.
12.09.2022 20:43
1860
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde bina ediýän ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda resminama gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
10.09.2022 21:03
1232
Her ýyl Türkmenistanda ýurduň döwlet edaralarynyň we halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň wekillerini ýygnaýan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty geçirilýär.
10.09.2022 20:43
3045
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Güýzgeldi Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we bu gurluşyň başlygy edip Durdy Gendjiýewi belledi.
10.09.2022 20:22
4007
Germaniýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda: – GFR-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza bölümi, işgärler bilen baglanyşykly ýagdaý sebäpli, çäklendirilen tertipde işlär – diýlip, habar berilýär.
10.09.2022 20:17
1561
10-njy oktýabrdan 14-nji oktýabr aralygynda Russiýanyň Soçi şäherinde bakalawr, hünärmen, magistr we 8-10-njy synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Maliýe Howpsuzlygy boýunça II Halkara Olimpiadasy geçiriler. Şu ýylyň maý aýynda geçirilen saýlama tapgyrynda baýraga mynasyp bolanlar we ýeňijiler “Sirius” bilim merkeziniň federal çäginde geçiriljek Olimpiadanyň soňky tapgyryna ugradylar.
10.09.2022 20:13
1277
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa dünýäniň ýurtlarynyň Parlamentleriniň ýolbaşçy zenanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin 8-9-njy sentýabrda Daşkende bolan saparynyň barşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
09.09.2022 21:52
1807
Tutuş dünýä, ähli ýurtlaryň ýaşaýjylary, syýasatçylar we döwletleriň liderleri ýurdy 70 ýylyň dowamynda dolandyran Beýik Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň aradan çykmagyna gynanç bilen seslendi. Ýüzlerçe million adamlar aradan çykan şa zenany hatyralaýarlar, patyşa maşgalasyna we Birleşen Patyşalygyň raýatlaryna gynanç bildirýärler.
09.09.2022 05:53
1090
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň Er-Riýadda geçirilen ilkinji mejlisiniň çäklerinde kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.