Türkmenistan Bütindünýä çagalar gününi belledi – agzybirligiň we umydyň baýramy
Şu ýyl, Türkmenistanda Bütindünýä Çagalar güni “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” atly ylham beriji şygar astynda geçirilip, hakyky baýramçylyga öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurnalan dabaranyň ýüregi Aşagabadyň Olimpiýa şäherjigi boldy