Turkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynda Aşgabat bilen Ýewropa institutlarynyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklarynyň dowamlylygyny alamatlandyran duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow diplomatik wekilhananyň binasynda Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişeli we onuň aýaly Ameli Derbodrangýeni kabul etdi. Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak bilen baglanyşykly ady giňden tanalýan syýasatçynyň bu sapary dostlukly hem-de mazmun taýdan baý häsiýete eýe boldy.
Şarl Mişel Ýewropa Geňeşinde başlyklyk eden döwründe (2019–2024-nji ýyllar) «ÝB – Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygynyň täze görnüşiniň döredilmegine möhüm goşant goşdy. Hut onuň işjeň gatnaşmagynda Brýussel bu sebiti diňe goňşy hökmünde däl, eýsem dünýä ulag özara arabaglanyşygynyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde görüp başlady.
Duşuşygyň dowamynda Sapar Pälwanow Şarl Mişel tarapyndan Global Gateway strategiýasynyň çäginde, esasan hem Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalarynyň öňe sürülmegine goşan şahsy goşandyny aýratyn belläp geçdi.

Duşuşygyň resmi böleginden öň myhmanlar türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary — meşhur türkmen halylary we milli şaý-sepler bilen tanyşdylar.
Taraplar sebitleýin gün tertibi boýunça pikir alyşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň barha artýan jebisligini aýratyn bellediler. Şu nukdaýnazardan Şarl Mişel Turkmenistan döwletiniň çylşyrymly geosyýasy ýagdaýda howpsuzlygyň we energetika durnuklylygynyň kepili hökmünde çykyş edip bilýän ygtybarly hem-de durnukly ýurt hökmünde ornuny tassyklady.

Şeýle hem geljekde şertnamalaýyn hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurdygy bellenilip geçildi. Bu bolsa öň geçirilen ýokary derejeli duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň logiki dowamyna öwrüler.
