
Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna şahsy ýüzlenme ýollap, koreý raýatlarynyň toparynyň howpsuz üstaşyr geçirilmegini guramakda türkmen gulluklarynyň çalt we netijeli hereket edendigini aýratyn belledi.
Duşenbe güni, 9-njy martda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk hatynyň iberilendigini habar berdi. Seul Eýranyň çäginden Günorta Koreýanyň raýatlaryny we olaryň maşgala agzalaryny ewakuasiýa etmekde berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.
Resmi maglumatlara görä, iki ýurduň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde Eýrandan Türkmenistana Günorta Koreýanyň 25 raýaty, şeýle hem olaryň maşgala agzalary bolan 4 adam (Eýranyň raýatlary) üstünlikli çykaryldy.
Prezident Li Çže Mýon logistika meseleleriniň üpjün edilmeginde türkmen tarapynyň konstruktiw ornuny aýratyn belledi. Türkmenistanyň Hökümeti ewakuasiýa topary üçin ýörite serhet-geçelge nokadyny bölüp berdi, serhet we gümrük gulluklary bolsa tiz iş tertibinde hereket etdiler. Bu bolsa adamlaryň howp astyndaky ýerde bolýan wagtyny azaltmaga hem-de olaryň howpsuz üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Günorta Koreýanyň Prezidenti bu ynsanperwerlik amalynyň üstünlikli tamamlanmagynyň Aşgabat bilen Seulyň arasynda bar bolan «çuň dostlugyň we ýokary derejedäki ynanyşmagyň» nobatdaky subutnamasydygyny aýtdy.
Munuň özi howply ýagdaýlarda halkara ähmiýetli çylşyrymly meseleleri tiz we netijeli çözmäge ukyply bolan Türkmenistanyň durnukly sebitleýin merkez hökmünde ornuny ýene-de bir gezek tassyklaýar.
