Hytaý dartgynlygyň güýçlenmeginiň we çaknyşygyň has giň gerime ýaýramagynyň öňüni almak üçin Ýakyn Gündogarda harby hereketleriň derrew bes edilmegine çagyrýar. Bu barada ýekşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I Pekinde geçirilýän Ählihytaý Halk Wekilleriniň ýygnagynyň 14-nji çagyrylyşynyň dördünji sessiýasynyň çäklerinde guralan metbugat maslahatynda aýtdy. Çäräniň dowamynda ol Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen žurnalistleriň ýurduň daşary syýasaty hem-de halkara gatnaşyklary baradaky soraglaryna jogap berdi.
Wan I Hytaýyň bu mesele boýunça obýektiw we bitarap garaýşy eýeleýändigini tassyklady. Onuň bellemegine görä, Hytaýyň esasy çagyryşy atyşlygy bes etmekden we söweş hereketlerini duruzmakdan ybaratdyr. Ministr gadymy hytaý pähimini ýatlatdy: ýarag elhenç guraldyr we ony oýlanman ulanmak bolmaýar. Diplomatyň sözlerine görä, Ýakyn Gündogarda häzirki bolup geçýän uruş aslynda ýüze çykmaly däldi, sebäbi ol hiç bir tarapa peýda getirmeýär. Sebitiň taryhy güýjüň ulanylyşy meseleleri çözmeýändigini, ýaragyň ulanmagy bolsa täze duşmançylygyň we täze howpuň döremegine getirýändigini görkezýär.
Ministr Eýran bilen bagly ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça bäş sany esasy ýörelgäni öňe sürdi hem-de Hytaýyň Ýakyn Gündogaryň parahat ösüşine ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Birinjiden, milli özygtyýarlylygy hormatlamak zerurdyr. Özygtyýarlylyk häzirki zaman halkara tertibiniň esasy sütünleriniň biridir. Hytaýyň pikirine görä, Eýranyň we Pars aýlagy sebitindäki ähli ýurtlaryň özygtyýarlylygy, howpsuzlygy hem-de çäk bitewiligi doly hormatlanylmalydyr we bozulmaly däldir.
Ikinjiden, güýç ulanmakdan hyýanatçylykly peýdalanmakdan saklanmak gerek. Wan Iniň bellemegine görä, güýçli ýumruk güýçli delili aňlatmaýar, dünýä bolsa “jeňňel kanunlaryna” dolanyp barmaz. Maksatly güýç ulanmak hakyky güýji subut etmeýär, adamlar bolsa urşuň bigünä pidalaryna öwrülmeli däldir.
Üçünjiden, döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgesine eýermek möhümdir. Ýakyn Gündogaryň halklary bu sebitiň hakyky eýeleridir, onuň meseleleri hem hut sebitiň ýurtlarynyň özleri tarapyndan çözülmelidir. “Reňkli rewolýusiýalary” guramak ýa-da häkimiýeti çalyşmaga gönükdirilen synanyşyklar makullanylmaýar.
Dördünjiden, çylşyrymly meseleleriň syýasy ýol bilen çözülmegine ýardam bermek zerurdyr. Hytaýyň pikirine görä, parahatçylyk iň möhüm gymmatlykdyr. Ähli taraplar mümkin boldugyça tiz gepleşik stoluna dolanmalydyr, deňhukukly dialog arkaly gapma-garşylyklary çözmeli we umumy howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda işlemelidir.
Bäşinjiden, iri döwletler konstruktiw rol oýnamalydyr we öz mümkinçiliklerini bähbitli maksatlar üçin ulanmalydyr. Ministr ýene bir hytaý pähimini ýatlatdy: haçan-da hoşniýetlilik we adalat görkezilmese, güýç syýasatynyň ähmiýeti üýtgäp biler. Şonuň üçin uly döwletler adalatly hereket etmeli hem-de Ýakyn Gündogarda parahatçylyk we ösüş ugrunda has köp oňyn goşant goşmalydyr.
Wan I Hytaýyň sebitiň ýurtlarynyň hakyky dosty we strategik hyzmatdaşy hökmünde olar bilen Global howpsuzlyk başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Hytaý Ýakyn Gündogarda durnuklylygy dikeltmäge, adamlaryň parahat durmuşyny üpjün etmäge hem-de dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagyna öz goşandyny goşmaga taýýardyr.