Anna güni Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy, şeýle hem Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň baş sekretary we Merkezi Harby Komissiýanyň başlygy Si Szinpin, ýurduň iň ýokary syýasy konsultatiw edarasy bolan Ählihytaý halk wekilleri ýygnagynyň Mili komitetiniň 14-nji çagyrylyşynyň 4-nji sessiýasynyň bilelikdäki mejlisinde çykyş etdi.
Hytaýyň ýolbaşçysy «Sagdyn Hytaý» başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtady we 2026–2030-njy ýyllar aralygynda geçiriljek 15-nji bäş ýyllyk üçin esasy wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, bu döwür 2035-nji ýyla çenli sagdyn milli jemgyýeti döretmek üçin global maksatlaryna ýetmekde kesgitleýji bolup durar. Çykyş wagtynda Si Szinpin Hytaý jemgyýetindäki ähli etniki toparlaryň we gatlaklaryň zenanlaryny geljekki Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Ol täze bäş ýyllyk meýilnamanyň üstünlikli başlamagyna zenanlaryň möhüm goşant goşjakdygyna ynanýar.
Duşuşykda alty syýasy maslahatçy çykyş etdi. Olaryň çykyşlaryny diňläp, Si Szinpin öz çykyşyny beýan etdi.
Çykyşy wagtynda Hytaýyň ýolbaşçysy saglygy goraýşy ösdürmekde ýurduň hakyky şertlerini göz öňünde tutmagyň zerurdygyny nygtady. Hytaý uly ilatly we şäherler bilen obalaryň ýaşaýyş derejesi arasynda uly tapawudy bolan ösüp barýan sosialistik döwlet hökmünde galýar. Şonuň üçin saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasaty yzygiderli kämilleşdirilmelidir.
Si Szinpin köpçülikleýin saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek üçin serişdeleri birleşdirmegi maslahat berdi. Ileri tutulýan çäreleriň hatarynda ýokary hilli saglyk hyzmatlarynyň toruny döretmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýratmak ýaly wezipeler bar.
Mundan başga-da, hassahanalaryň, saglyk ätiýaçlyk ulgamlarynyň we derman senagatynyň işini utgaşdyrmak üçin özgertmeleri çuňlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Hytaýyň ýolbaşçysy Ählihytaý Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň komitetiniň ýörite konsultatiw edaranyň wezipesini ýerine ýetirmelidigini belledi. Şeýle hem ol sanly we intellektual tehnologiýalaryndan peýdalanmak babatda ugur görkezdi. Ylmy gazananlary ulanyp, milletiň saglygyny ähli derejede gowulandyrmak meýilleşdirilýär.
Çykyşyň ahyrynda Si Szinpin syýasy maslahatçylary çuňňur barlag işlerini geçirip, ýurduň ösüşi üçin amaly çözgütleri teklip etmäge çagyrdy.