Halkara zenanlar gününiň öňisyrasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin ORIENT-iň okyjylary üçin ýörite makala taýýarlady. Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy özüniň awtorlyk makalasynda zenanlaryň polat ýaly erk-islegi we ruhy duýgurlygyny utgaşdyryp, dünýä syýasatynyň keşbini nähili üýtgedendikleri barada oýlanýar. RF-niň Ilçisiniň makalasynda — öňde baryjy beýik zenanlar, iki ýurduň DIM-niň häzirki zaman ýolbaşçylary we näme üçin “täze eýýamyň diplomatiýasyny” zenanlaryň gatnaşygyndan aýry göz öňüne getirip bolmajakdygy barada gürrüň berilýär.
Adatdan daşary we üstünlikli – diplomatiýadaky zenanlar
Russiýada we Türkmenistanda mähir bilen bellenilýän zenanlygyň, gözelligiň we näzikligiň nyşanyna öwrülen baýramyň — Halkara zenanlar gününiň öňisyrasynda, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň birnäçe görnükli zenan wekilleri barada gürrüň bermek isleýärin.
Bu hatarda hormatly orunlaryň birini görnükli döwlet we syýasy işgär, dünýäde ilkinji zenan ilçi Aleksandra Mihaýlowna Kollontaý eýeleýär. Onuň ady Zenanlar baýramynyň döreýiş taryhy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Mysal üçin, 1910-njy ýylda A.M.Kollontaý Kopengagende geçirilen Sosialist zenanlaryň ikinji halkara maslahatynda Russiýanyň wekili bolupdy we şol ýerde 8-nji marta halkara derejesi berlipdi.

Soňra Aleksandra Mihaýlowna Norwegiýadaky sowet wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip, şol wagta çenli diňe erkekleriň iş gurşawy hasaplanylýan diplomatiýanyň keşbini düýpgöter üýtgetdi. Onuň daşary syýasy ýeňişleriniň arasynda täze sowet döwletiniň fordlar ýurdy bilen ykdysady gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny bellemek bolar, bu bolsa netijede Norwegiýanyň Sowet Soýuzyny resmi taýdan ykrar etmegine getirdi. Şeýle hem ol Skandinawiýa ýarym adasynda gitleriň döwründe Germaniýanyň täsirini peseltmek boýunça işjeň işleri alyp bardy, 1940-njy ýylda SSSR bilen Finlýandiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna ýardam etdi we 1944-nji ýylda Helsinkiniň Ikinji jahan urşundan çykmagy baradaky gepleşiklere gatnaşdy. Demirgazyk Ýewropanyň onuň hyzmatlaryny we hünär ussatlygyny ykrar edýändigini 1946-njy we 1947-nji ýyllarda fin, şwed we norweg parlamentarileriniň hem-de jemgyýetçilik işgärleriniň başlangyjy bilen A.M.Kollontaýyň iki gezek Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezilmegi aýdyň subut edýär.
Mundan başga-da, onuň döwlet üpjünçiligi halk komissary (ol wagtlar durmuş goraglylygy ministrine şeýle diýilýärdi) wezipesinde başlan özgertmeleri netijesinde, 1917-1918-nji ýyllarda ýaş sowet respublikasynda dünýäde ilkinji gezek tölegli göwrelilik we çaga dogruşy rugsady kanun tarapyndan tassyklanyldy, çagalar baglary we mugt çaga dogrulýan öýleri guraldy.
Ýyllar geçdi we halkara giňişliginde biziň ýurdumyza beýleki üstünlikli zenan diplomatlar wekilçilik edip başladylar. Olaryň arasynda häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy we döwlet demografik syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça Prezident geňeşiniň ýolbaşçysy hökmünde eneligi we çagalygy goramak çygrynda işjeň işlemegini dowam etdirýän Walentina Iwanowna Matwiýenko hem bardyr. Russiýanyň DIM-indäki gullugy döwründe ol Ministrligiň Merkezi edarasynda ýokary wezipeleri eýeledi, şeýle hem ýurdumyzyň Maltadaky we Gresiýadaky diplomatik wekilhanalaryna ýolbaşçylyk etdi.
Walentina Iwanownanyň köp ýyllardan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen tanyşdygyny we hoşniýetli gatnaşyklary saklap gelýändigini agzaman geçmek bolmaz. Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, iki döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin ol «Aşgabat şäheriniň Hormatly raýaty» diýen ada mynasyp boldy.

«Täze eýýamyň diplomatiýasynyň» görnükli wekilleriniň biri hem Russiýanyň DIM-niň ilkinji zenan – resmi wekili Mariýa Wladimirowna Zaharowadyr. Ol hakykatdan hem biziň hünärimiziň iň zehinli wekillerinden biri hasaplanýar. Ony şahsy tanyýan adam hökmünde Mariýa Wladimirownanyň hemişe haýran galdyryjy işjeňligi, giň dünýägaraýşy we öz işine bolan tüýs ýürekden wepalylygy bilen tapawutlanýandygyny aýdyp bilerin. Bu häsiýetler beýleki täsin zehinler bilen utgaşyp, döwletimiziň daşary syýasy işiniň maglumat goldawyny iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. M.W.Zaharowa özüne mahsus bolan gaýtalanmajak görnüşi bilen Russiýanyň dünýäniň media giňişligindäki ornuny berkitmäge ägirt uly goşant goşýar, rusofobik galp habarlaryň ýüzüni açýar, brifingleriň dowamynda bolsa iň bir çylşyrymly we oňaýsyz soraglara ussatlyk bilen jogap berýär.
Gözel zenanlar enelik bagtyny duýmak we zenan bolup galmak bilen bir hatarda, üstünlikli liderler hem-de diplomatlar bolup bolýandygyny, özüňde duýgurlygy we çeýeligi, täsin güýç-kuwwaty we iň ýokary hünär ussatlygyny utgaşdyryp bolýandygyny subut etdiler. Biziň Ilçihanamyzyň zenan işgärleri we Watana hyzmat etmek ýoluny saýlap alan beýleki gyz-gelinler hem olardan görelde alýarlar.
Türkmenistanyň DIM-inde hem ýurduň daşary syýasatynyň ösmegine saldamly goşant goşýan zehinli zenan diplomatlaryň zähmet çekýändigini bellemän geçmezlik asla mümkin däl. Olaryň arasynda: 2023-nji ýylda Merkezi Aziýanyň öňde baryjy zenan lideriniň sanawynda top-40 giren Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Hojamgulyýewna Bäşimowany, şeýle hem 30 ýyldan gowrak wagtlap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyna ýolbaşçylyk eden we Nýu-Ýorkda diplomatik korpusyň duaýeni bolup çykyş eden Aksoltan Töreýewna Ataýewany agzap geçmek bolar.


Türkmenistanda iri halkara çäreleri geçirilýän wagtynda, biziň Ilçihanamyz Türkmenistanyň DIM-niň beýleki ajaýyp zenan wekilleri bilen hem uly höwes bilen hyzmatdaşlyk edýär, olar özlerini hemişe ýokary taýýarlykly hünärmenler we zehinli guramaçylar hökmünde görkezýärler.
Umuman alanda, häzirki wagtda diplomatiýa örän köptaraply hünäre öwrüldi. Häzirki zaman dünýäsinde döwletleriň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin hökman gönüden-göni daşary işler edarasynda zähmet çekmek talap edilmeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Oguljahan Atabaýewanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesindäki işini görkezmek bolar. Bu guramanyň ugry boýunça geçirilýän köpsanly çäreler däp bolşy ýaly giň halkara gatnaşygy bilen guralýar we olar şol sanda, ýurtlaryň arasyndaky medeni hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Gaznanyň ýerleşýän ýerine garamazdan, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara kömek bermek boýunça alyp barýan asylly tagallalary Russiýa Federasiýasynda ýokary baha eýe boldy.

...Sözümiň ahyrynda, A.M.Kollontaýyň biziň çylşyrymly, emma gyzykly gullugymyza bolan garaýşyny äşgär edýän setirlerine birine ýüzlenmek isleýärin. Ol: «Öz ýurduna dost gazandyryp bilmedik diplomata diplomat diýip bolmaz» diýip aýdypdyr. Bu nukdaýnazardan, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň elmydama dostluk we özara hormat goýmak ruhunda üstünlikli ösendigi bellidir. Biziň diplomatik tagallalarymyzyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşjakdygyna doly ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, şu setirleri okaýan ähli näzik göwünli zenanlary Halkara zenanlar güni bilen gutlaýaryn. Bu baýramçylyk gününde size tüýs ýürekden bahar paslynyň şadyýanlygyny, abadançylyk, agzybirlik we egsilmejek gözellik arzuw edýärin. Goý, ojaklaryňyzda elmydama söýgi we özara düşünişmek höküm sürsün, her täze günüňiz bolsa şatlyk hem-de ýylgyryşlar bilen dolsun!
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin

