Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaýa iki günlük döwlet saparyny başlamak üçin sişenbe güni agşam Pekine geldi.
Putiniň uçary ýerli wagt bilen sagat 23:10-dan soň Pekiniň halkara howa menzilinde gondy. Russiýanyň Prezidenti uçardan düşenden soň ony Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasat býurosynyň agzasy we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I garşy aldy.
Bu Putiniň Hytaýa amala aşyrýan 25-nji saparydyr. Hytaýyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, saparyň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşarlar.
Şu ýyl Hytaý bilen Russiýanyň arasynda strategik utgaşdyryjy hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy we Hytaý bilen Russiýanyň arasynda Hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk baradaky şertnamanyň gol çekilmeginiň 25 ýyllygy bellenilýär.
Hytaýyň daşary işler ministrliginiň wekili iki tarapyň hem bu mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý–Russiýa gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrjakdygyny we täze derejä çykarjakdygyny, şeýlelikde dünýä has köp durnuklylyk we oňyn energiýa getirjekdigini aýtdy.