Türkmenistanly söweşijiler Emirhajy Hajiýew we Ruslan Bulut 23-nji maýda Dubaý şäherinde geçiriljek halkara Combat Games ýaryşyna gatnaşmaga taýýarlanýarlar. Ýaryşa 23 ýurtdan türgenler gatnaşar.
Emirhajy Hajiýew türkmenistanly türgen hökmünde müsürli söweşiji Ýosef Elarabi bilen güýç synanyşar. Türgen häzirki wagtda BAE-niň ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýar we geçen ýyl taý boksy boýunça çempion adyny gazandy.
Türkiýede ýaşaýan, asly türkmenistanly Ruslan Bulut bolsa pakistanly Aýuba Han bilen duşuşar. Ol hem ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eder.
Guramaçylar Combat Games ýaryşynyň täze görnüşde geçirilýändigini belleýärler. Bu formatda tomaşaçylar türgenleriň çykyşlaryna onlaýn platforma arkaly tomaşa edip, gatnaşyjylary goldap bilerler.
Ýaryş Dubaý şäherinde geçiriler we onlaýn görnüşde hem elýeterli bolar. Ýaryş baradaky giňişleýin maglumatlary Combat Games Pro platformasyndan alyp bolýar.
