Russiýa Federasiýasy Aziýa bazarlaryna göni çykalgany üpjün etjek Hazar deňziniň kenary bilen täze awtomobil ýolunyň iri gurluşygyna we maliýeleşdirilmegine hytaý kompaniýalaryny hem-de maliýe institutlaryny çekmek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada RF-niň wise-premýeri Marat Husnullin «RIA Nowosti» agentligine beren interwýusynda aýdyp, esasy ulag infrastrukturasyny býujetden daşary we daşary ýurt çeşmeleriniň hasabyna ösdürmäge çalyşýandyklaryny nygtady.
Häzirki wagtda magistralyň takmynan 20 sany ulag taslamasy Ulag ministrliginiň degişli seljermesinden geçip, tutuş sebit üçin ýokary ykdysady netijeliliginiň tassyklaýşyny aldy. “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde esasy ugurlaryň biri hökmünde Hazar deňziniň boýy bilen geçjek Gündogar awtomobil ugrunyň döredilmegi bolup durýar. Bu strategik ýol Russiýany, Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany ygtybarly baglanyşdyrmaga, uzak möhletde bolsa Owganystana we Pakistana çenli üznüksiz çykalgany üpjün etmäge gönükdirilendir.
RF-niň hökümet başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, bu infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýasyny çekmek olaryň amala aşyrylmagyny ep-esli çaltlandyrmaga hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet býujetlerine düşýän ýüküni azaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ýagdaý Ýewraziýa giňişliginde täze täjirçilik mümkinçiliklerini döreder.
