Aşgabatly ýaş suratkeşiň hekaýasyna bagyşlanan reportaž kosmos temasyna degişli soňky on ýylyň iň gowy işleriniň bahalandyrylýan abraýly taslamasynyň jemleýji tapgyryna çykdy.
“Rus kosmosy” atly Bütinrussiýa media bäsleşigi ikinji gezek geçirilýär, birinji bäsleşik 2016-njy ýylda guralypdy. Taslamanyň esaslandyryjylary — “Roskosmos” we Bütinrussiýa döwlet tele we radio kompaniýasydyr. Bu gezek bäsleşige Russiýanyň 80 sebitinden 149 tele we radio kompaniýasy gatnaşyp, emin agzalarynyň garamagyna 315 iş hödürlendi.
Şolaryň arasynda Iwanowo şäheriniň 23-nji gimnaziýasynyň okuwçylary tarapyndan taýýarlanan “Ýyldyz şäherçesine” “Sungat çatrygy” arkaly. Arzuwlar hasyl bolýar” atly reportaž hem bar. Onda aşgabatly Batyr Soltanowyň arzuwynyň amala aşmagy hakynda gürrüň berilýär. Ol kosmonawtlar toparynyň serkerdesi we Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň ýolbaşçysy Oleg Kononenkonyň portretini çekip, ony Iwanowa iberipdir.
Ýaş suratkeş özüniň iň uly arzuwy bolan suraty öz gahrymanyna gowşurmagy maksat edinip, bu meselede iwanowoly okuwçylardan kömek soraýar. Ol eýýäm “#23путь” media merkeziniň kosmos baradaky mazmunlary işjeň taýýarlaýandygyny, kosmonawtlardan — şol sanda göni Halkara kosmos stansiýasyndan we uçuşdan soňky metbugat maslahatlarynda — aýratyn jogaplary alandygyny bilýärdi. Şeýle hem media merkezi “Mekdep okuwçylary üçin kosmos bilimi” ugrunda geçirilen Bütinrussiýa gurnaklar bäsleşiginde “Roskosmos”-yň ýörite baýragyna mynasyp bolupdy. Iwanowoly media merkeziniň ýolbaşçylary “Ýyldyz şäherçesi” bilen portreti gowşurmak barada ylalaşmagy başardylar hem-de Ýere dolanyp geleninden soň Oleg Kononenko bilen söhbetdeşlik geçirdiler.
Ýakynda “Sungat çatrygy” halkara medeni taslamasynyň awtory, žurnalist we sazanda Aýna Şirowa hem bu täsirli wakanyň aýratynlyklaryny Aşgabatda çap edilen “Iki klawiaturada solo: fortepianodan kompýutere çenli” atly täze kitabynda beýan etdi. Köp sahypalyk eserde Iwanowo mowzugy birnäçe gezek şöhlelendirilýär.

Gimnaziýa okuwçylarynyň başga bir bäsleşik işi — “Partanyň aňyrsyndan habarlar. Kosmos goýberilişi” atly gepleşik boldy. Onda Ýeriň dartgynlygyny ýeňen adamlar barada aýratyn habarlar hödürlenýär. Mysal üçin, Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasyndan Ýerde nirede agramsyzlyk duýgusyny başdan geçirip boljakdygyny gürrüň berdi. Bu baradaky soragda duz bilen aşa baý Mollagara köli agzaldy. Kosmonawt şeýle ýerleriň hakykatdan hem laýykdygyny, şeýle duýgyny suwasty ýüzüşiň hem berýändigini aýtdy. Iwan Wagner bolsa kosmosda nädip surat çekýändiklerini gürrüň berip, Oleg Kononenkonyň dogduk şäheri bolan Türkmenabadyň kosmosdan düşürilen suratyny görkezdi.
“Ýyldyz şäherçesindäki” metbugat maslahatynda Anna Kikina bilen duşuşan gimnaziýa okuwçylary onuň uçuşy barada maglumat aldylar, şeýle hem öňki žurnalistika tejribesiniň Halkara kosmos stansiýasynda işlän döwründe nähili peýda berendigini öwrendiler. “Sirius” merkezinde Sergeý Korsakow, Oleg Artemýew we Denis Matweýew bilen geçirilen duşuşykda media merkezi ýaş žurnalistler üçin aýratyn maslahatlary almagy başardy.
Gimnaziýanyň özünde bolsa gyzykly kosmos habarlary adatça Kosmonawtika gününde geçirilýän çärelerde aýratyn orun eýeleýär. Şol gün tagamly marafon guralýar, Okuwçylar gününde bolsa tutuş synplar kosmos eşiklerini geýýärler.
“Rus kosmosy” atly Bütinrussiýa media bäsleşigi ýurduň ähli künjeklerini birleşdiren giň gerimli taslamadyr. Hödürlenen işler milli kosmonawtikanyň dürli taraplaryny açyp görkezýär. Öňde gatnaşyjylary Samara şäherinde jemlejek jemleýji çäreler garaşýar. Şol ýerde eminler iň gowy işleri saýlarlar. On ýyl mundan öň ilkinji gezek geçirilen bäsleşigiň ikinji jemleýji tapgyry 22-nji maýda geçiriler we “Samara 24” teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

Guramaçylar bäsleşigiň diňe iň gowy reportažy ýa-da filmi saýlamak bilen çäklenmeýändigini nygtaýarlar. Onuň esasy maksady has çuňdur: kosmos mowzugy arkaly hem žurnalistleriň, hem tomaşaçylaryň, hem-de milli kosmonawtika bilen bagly ähli adamlaryň dünýägaraýşyny kemala getirmek we berkitmekdir.
“Rus kosmosy” bäsleşigi gatnaşyjylaryň işleri arkaly jemgyýete şeýle pikiri ýetirýär: kosmos uzak fantastika däl-de, biziň umumy jogapkärçiligimizdir. Bu bolsa “Mundan maňa näme peýda?” diýen sarp edijilik garaýşyndan “Men näme edip bilerin?” diýen işjeň garaýşa geçişdir.
Leonid Kiýaşko, ORIENT-iň ýörite habarçysy, Iwanowo şäheri, RF, Milletara žurnalistika gildýasy, Russiýanyň Žurnalistler birleşigi
