Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawa bilen gepleşikleri geçirildi.
Duşuşygyň esasy mowzugy — ýurduň bu gurama doly hukukly agza hökmünde girmegi boýunça anyk amaly ädimleri kesgitlemekden ybarat boldy. Taraplar sebit we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginini, şeýle hem milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny BSG-niň ýokary standartlaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleriniň barşyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen özara täsiriň ulgamlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigini nygtadylar.

Maýka Oşikawanyň Türkmenistanyň paýtagtyna saparynyň meýilnamasynyň çäklerinde, ýurduň BSG-a goşulmak bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyny utgaşdyrýan degişli Hökümet toparynyň wekilleri bilen giňişleýin geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
