Tokionyň Ylymlar institutynda (Ýaponiýa) ähli işgärleri diňe robotlardan ybarat bolan dünýäniň ilkinji lukmançylyk barlaghanasy açyldy. Indi çylşyrymly lukmançylyk synaglaryny öň adamlar ýerine ýetirýän bolsa, olary doly derejede enjamlar amala aşyrýar. Bu barada BELTA habar berdi.
Häzirki wagtda barlaghanada 10 sany awtomatlaşdyrylan “işgär” işleýär. Olaryň arasynda Maholo atly iki elli adamşekilli robot hem bar. Hereketleriniň ýokary takyklygy netijesinde bu enjam örän inçe we jogapkärli işleri üstünlikli ýerine ýetirýär: howply himiki reagentleriň takyk mukdaryny geçirýär, näzik temperatura enjamlary bilen özbaşdak işleýär hem-de adam gatnaşmazdan diri öýjükleri ösdürip ýetişdirýär.
Ýapon alymlary gazananlary bilen çäklenmegi meýilleşdirmeýärler. 2040-njy ýyla çenli mehaniki işgärleriň sanyny 2 müň modele çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň awtorlarynyň esasy maksady lukmançylyk barlaglarynyň ähli tapgyryny doly awtomatlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bilermenleriň pikirine görä, bu işgär ýetmezçiligi meselesini çözmäge hem-de adam faktory sebäpli ýüze çykýan ýalňyşlyklary doly aradan aýyrmaga kömek eder.
ORIENT
